• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASY

2017/2018-nji okuw ýyly  üçin hünärmenleri  taýýarlamagyň  aşakdaky  ugurlary  (hünärleri)  boýunça  talyplyga  Kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Saz guralynda  ýerine  ýetirijilik  (hünärler:   türkmen  sazy;  halk  saz gurallary;  fortepiano;  kirişli  saz gurallary;  üflenip  we kakylyp  çalynýan  saz gurallary;  Estrada  sungaty).

2. Aýdym  aýtmak  sungaty  (hünärler:  aýdym  sungaty;  bagşy;  opera  sungaty). 

3. Dirižýorlyk   (hünärler:  hor dirižýorlygy;  orkestr  dirižýorlygy;  saz mugallymy).

4. Kompozisiýa  we sazşynaslyk  (hünärler:  sazşynaslyk;  kompozisiýa;  türkmen  sazynyň  taryhy  we nazaryýeti  boýunça  sazşynaslyk).  Konserwatoriýa  Türkmenistanyň  orta  hünär  saz bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  Kabul  edilýär.  Bagşy,  saz mugallymy,  Estrada  sungaty  hünärleri  boýunça  saz bilimi  çagalar  sazçylyk  mekdebiniň  möçberinden  pes bolmadyklar  Kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlary  Aşgabat  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy   ýuly  aralygynda  Kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen  nusga  boýunça  rektoryň  adyna  ýazylan  arza;

— bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— orta  (orta  hünär)  bilim  barada  resminamasynyň  asyl nusgasy,  Türkmenistanyň  Medeniýet  ministrliginiň  garamagyndaky  ýörite  we  orta  sazçylyk,  çeperçilik  we sungat  okuw mekdeplerini  tamamlap,  iki ýyllyk  iş tejribeligini  geçýän  ýaşlar  üçin orta  hünär  bilimi  hakyndaky  wagtlaýyn  şahadatnamanyň  nusgasy;

— Türkmenistanyň  Saglygy goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)

häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary,  taýýarlygyň  döredijilik  ugurlary  (hünärleri)  boýunça  bilim  edaralaryna  girýän  milli  we  halkara  döredijilik  bäsleşikleriniň  ýeňijileri  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy  pasportyny; 

— Türkmenistanyň  Ýaragly Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary görkezip   biler.  Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  2017-nji ýylyň  30-njy   iýuly  — 10-njy awgusty  aralygynda  Türkmen  milli  konserwatoriýasynda  (Aşgabat  ş.) geçirilýär.

Giriş  synaglary  aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär:

saz guralynda  ýerine  ýetirijilik  ugry  (hünärler:  türkmen  sazy;  halk  saz gurallary;  fortepiano;  kirişli  saz gurallary;  üflenip  we kakylyp çalynýan  saz gurallary)

— hünäri  boýunça  (ýerine  ýetirmek),  solfejio  we garmoniýa  (ýazmaça  we dilden),  Türkmenistanyň  taryhy  ( ýazmaça we dilden);

Aýdym  sungaty;  opera  sungaty;  bagşy  hünärleri  — hünäri  boýunça  (ýerine  ýetirmek),  solfejio  we saz nazaryýeti  (ýazmaça  we  dilden),  Türkmenistanyň  taryhy  (ýazmaça  we dilden);

hor  dirižýorlygy;  orkestr  dirižýorlygy  hünärleri  — hünäri  boýunça  we fortepiano  (ýerine  ýetirmek),  solfejio  we garmoniýa  (ýazmaça  we dilden),  Türkmenistanyň  taryhy  (ýazmaça  we  dilden);

kompozisiýa  hünäri  — döreden  eserleri  we  fortepiano  (ýerine  ýetirmek),  solfejio  we garmoniýa  (ýazmaça  we dilden),  Türkmenistanyň  taryhy  (ýazmaça  we dilden);

sazşynaslyk;  türkmen  sazynyň  taryhy  we nazaryýeti  boýunça  sazşynaslyk  hünärleri  — solfejio  we garmoniýa  (ýazmaça  we   ilden),  saz guraly  ýerine  ýetirmek)  we saz edebiýaty  ( ýazmaça  we  dilden),  Türkmenistanyň  taryhy  (ýazmaça  we dilden);

saz mugallymy;  estarada  sungaty  hünärleri — hünäri  boýunça  we  ýörite  saz guraly  (ýerine  ýetirmek),  solfejio  we saz nazaryýeti  (ýazmaça  we dilden),  Türkmenistanyň  taryhy  (ýazmaça  we dilden).  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň,  ýörite  orta  sazçylyk, sungat   okuw mekdepleriniň  okuw  maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Türkmenistanyň  taryhy  dersi  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  geçirilýär.  Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan geçip bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär. Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň  mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar:

— saýlan  hünäri  boýunça  2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi  bolanlar;  — çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler.

Türkmen  milli  konserwatoriýasynyň  salgysy:  Aşgabat ş., 1984  (Puşkin)  köçe,  22; tel.: 92-28-56.