• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iphonda priloženiýalaryň düwmelerini jeýlbreýksiz nädip çalyşmaly?

Bilşimiz ýaly Apple iOS ulgamynyň interfeýsinde ulanyja üýtgeşme girizmeklige ýol berenok/ diňe suraty ýa-da ekran örtügini (zastawka) çalyşyp bolýamy? Baş üstüne! Ondan başga zada garaşybam oturmaly däl. Elbetde, eger-de jeýlbreýk bar bolsa onda tutuşlygyna azatlyk.

Ýöne iOS-da priloženiýalaryň düwmelerini has gowularyna çalyşmaklygyň usullary barada durup geçeliň.

IOS-da düwmejikleri nädip çalyşmaly?

1. iOS-enjamynda Safari brauzeriniň kömegi bilen iSkin.TooliPhone.net saýtyny açyň. Sahypanyň aşagyragynda Browse all Themse punktyna gecmeli.

2. Size hödürlenen temalardan halanyňyzy saýlaň. Mysal höküminde iOS 9 Concept temasyny saýlalyň.

3. Temany açyň we Application icons punktyny tapyň. Ony açanyňyzdan soň meşhur prilojeniýalar üçin düwmeleriň uzyn sanawyny görersiňiz.

4. Sizi gyzyklandyrýan prilojeniýany saýlaň we oňa at beriň. Bu atlar Springboard ekranynda standart prilojeniýalaryň deregine çykar. Üns bermeli zat düwmeleri 1 reňkli fony saýlamaly. Düwmäni saýlap bolanyňyzdan soň Install icons klawişesine basmaly. Birnäçe sekunt garaşyň we hiç zada basmaň.

5. Saýlap alan temaňyz boýunça täze profili gurnamak barada menýu peýda bolar “Установить” düwmesine basyň. Master paroly giriziň. Doly ýazylmadyk parol barada hat peýda bolsa, gurnamaklygy tassyklaň.

6. Haçanda profil gurnap bolanyndan soň, Готово düwmesini basyň. Home düwmesini basmak arkaly esasy ekrana geliň.

7. Indi bolsa geljekki düwmejikleriň aşagyndaky fon şekilli-gradiýenti gurnamaly (tema bagly). iSkin sýtyna dolanyp geleliň. Saýlap alan temamyzyň Home screens punktyny açalyň we siziň saýlan düwmäňiziň fony bilen gabat gelýän reňki saýlaň. Biziň mysalymyzda ol Blue.

8. Açylan sahypada gradiýent-kartinkasyna basyň we barmagyňyzy saklap duruň. Şekili ýatda saklamak (Сохранить изображение) saýlaň, soňra bolsa Фотоprilojeiýasyny açyň we “Домой” ekranynyň oboýy höküminde gurnaň (Заставка – oboýynyň görnüşini gurnamagy unutmaň).

9. Baş sahypa geliň. Täze sahypada siziň adyňyz bilen täze unikal düwmejikler peýda bolar. Gurnama gutardy.

Bu nähili işleýär

iSkin serwisi düwmejikleriň ýarlygyny döredýär, ol bolsa öz gezeginde original priloženiýalara salgylanýar. Her gezek priloženiýa işe goýberilende Safari brauzeri sähelçe wagt açylýar (trafige bagly däl we Internet birikmesiz hem işleýär). Ol enjama original priloženiýa salgy ugradýar we şondan soň hem ol işläp başlaýar.

iSkin saýtynda onlraça mümkin bolan temalar bar, icustom.tooliphone.net serwisiniň kömegi bilen bolsa islendik priloženiýalar üçin özbaşdak düwmeleriň dizaýnyny düzmeklige mümkinçilik bar.