• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Zeus we SpyEye troýanlaryny döretmekde we ýaýratmakda şübhelenýän Ukrain hakerleri saklandy

Bu kiberjenaýatçylykdan ýetilen zyýanyň möçberi 2 mln ýewro barabardyr.

Ýewropanyň 6 sany döwletiniň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde, Ýewropolyň we Ýewroýustyň ýardam etmegi bilen Ukrainanyň territoriýasynda haker toparlary saklanyldy, olar Zeus we SpyEye zyýanly programma üpjünçiligini ýaýratmakda şübhelenen, şeýle hem jenaýatyň netijesinde olar pul girdeýjilerini almaklygy göz öňünde tutupdyrlar.

Ýewropolyň habar bermegine görä, operasiýanyň netijesinde hukuk goraýjy edaranyň işgärleri 5 sany şübhelenýäni saklapdyrlar, şeýle hem 4 sany dürli şäherleriň ýaşaýyş jaýlaryny barlapdyrlar we kompýuter enjamlaryny konfiskasiýa edipdirler hem-de beýleki enjamlaryny geljekde ekspertiza üçin alypdyrlar.

Kiberjenaýatçylar Zeus we SpyEye troýanlaryny Ýewropanyň territoriýasynda ýerleşen maliýe guramalaryna hüjüm etmek üçin ulanypdyrlar. Päliýamanlar zyýanly programma üpjünçiliginiň hemişe şekilini üýtgedip gelipdirler, şeýle hem bu haker toparyň her ulanyjysynyň öz başarýan hünäri bar eken.

Habar berilişine görä, kiberjenýatçylar zyýanly programmalary aktiw ýagdaýda döredipdirler, kompýuter ulgamlaryny zäherläpdirler, bank maglumat hasabatlaryny ogurlapdyrlar. Ogurlanan bank hasaplarynyň maglumatlaryny we programma üpjünçilikleriniň nusgalaryny internet forumlarda satypdyrlar ýa-da çalyşypdyrlar. Mundan başga-da, toparyň agzalary “hakerçilik” hyzmatlaryny hem hödürläpdirler. Päliýamanlaryň hereketleriniň zyýanlarynyň umumy möçberi 2 mln. ýewro barabardyr.