• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iň ýuka elektron kitap

"Amazon'' kompaniýasy ''Kindle Oasis'' atly täze enjamyny tanyşdyrdy. Ol häzire çenli çykarylan iň ýuka we ýeňil ''Kindle'' bolar. Agramy 131 gram, ululygy 143x122x3,4-8,5 mm. ''Kindle Oasis'' ekranynyň ululygy (6 dýuým) bilen hem tapawutlanýar. Şöhläni yzyna serpikdirmeýän aýratynlygy günüň aşagynda hem kitap okamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem onuň ekrany sensorly bolmagy bilen tapawutlanýar. Batareýasyna doly zarýad berlende, iki hepde ulanmaga mümkinçilik berýär. Öz ýany bilen gaby hem berilýän enjam üç sagatda zarýad alýar. 4 GB içki ýady bolan enjamda ''Kindle Format 8'' AZW, TXT we PDF ýaly formatdaky sahypalary okap bolýar. 27-nji aprelde ABŞ-da satuwa çykarylýar. Onuň Wi-Fi-ly nusgasy 290 dollardan, 3G-li nusgasy 360 dollardan ulanyşa hödürlener.