• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Öňdebaryjy kompaniýa

Dünýäde 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde “akylly” sagatlaryň ekranlarynyň 90 göterimini “LG Display”firmasynyň öndürendigi habar berildi.Senagat pudagynda iş alyp barýan şereketleriň üstünde barlag geçirýän “DisplaySearch” tarapyndan taýýarlanan maglumatnamada bu barada habar berildi.

Degişli döwürde 204 million dol-larlyk “akylly” sagat ekranlary-nyň 186 million dollarlyk bölegini  bu kompaniýa öndüripdi.Şeýle hem Günorta Ko-reýanyň ýene bir firmasy “Samsung Display Co” 6.3 million dollarlyk ekran öndürip, bu babatda ikinji bolupdyr.

 

KIÇISI ÇYKARYLAR

Golaýda Günorta Koreýanyň LG kompaniýasy G4 modelini tanyşdy-rypdy. Bilermenler bu enjamyň üstümizdäki ýylyň iň köp isleg bildiril-ýän telefony boljakdygyny çaklaýarlar.G4-iň kamerasy we beýleki tehniki aýratynlyklary diýseň ösen bolmagy bilen tapawutlanýar.Şeýle hem onuň ekranynyň hili diýseň ýokary. Indi bolsa, kompaniýa “Mini”nusgasynyň  çykarmagyň aladasyny edýär.”LG G4 Mini” 5 dýum 720P çözüşli ekrany bar.Smartfonuň 5 MP öňki, 8 MP yzky kamerasy bolar.1 GB  RAM –y we 8 GB ýady bolan enjam “Android 5.1.1 Lollipop” amaly ulgamynda işleýär. Enjamyň ilkinji bolup, iýun aýynyň başynda Germaniýada satuwa çykmagyna garaşylýar. Telefonuň bahasy häzirlikçe mälim edilmedi.