• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iphone-da Wi-Fi hotspot birikme nokadyny gurýarys

Bu gezek  size Iphone-da Wi-Fi birikme nokadyny sazlamak barada makalany hödürleýän. Ýagny, iphonyň kömegi bilen kompýuteriňizde, planşediňizde mobil internediň (4G, 3G, EDGE) mümkinçiliginden peýdalanmak. Köplenç 3.5 düýmli iphonyň ekranyna köp wagtlap seredip internetde otyrmak oňaýsyz bolýar hem-de gözüňi ýadadýar. Nädip iphonyň kömegi bilen mobil internedi beýleki gurluşlar bilen paýlaşmaly?

Onyň usullary

  1. USB kabeliň üsti bilen 1sany gurluş baglap bolýar.
  2. Bluetooth –yň üsti bilen 2sany gurluşy baglap bolýar.
  3. Wi-Fi-yň üsti bilen 3 sany gurluşy baglap bolýar (Wi-Fi goldaýan islendik gurluşlar).

Iphone-da Wi-Fi hotspot birikme nokadynyň gurnalşy (diňe IOS 4.3-den soňky wersiýalar)

1-nji ädim: Nastroýka(Settings) girip bu ýerde Režim modema (Personal Hotspot) diýen menýusyna girýäs.

2-nji ädim: Bu ýerde düwmejigi вкл ýa-da on ýagdaýyna geçirýäris. Şeýle hem bu ýerde gurnaljak Wi-Fi tory üçin parol döredip bolýar. Onuň aşagynda iphona baglanmagyň beýleki usullary beýan edilen(Wi-Fi, Bluetooth, USB).

3-nji ädim: Bu režimi aktiw ýagdaýa getireniňden soň şu aşakdaky habar peýda bolýar. Ol ýerde включить Wi-Fi или Bluetooth saýlamaly.

4-nji ädim: Mundan soňra elimize Noutbugy, Ipad ýa-da başga bir Iphony alyp ýaňky döredilen Wi-Fi toryny gözleýäris (ol siziň iphonyňyzyň ady bilen peýda bolar). Paroly girizip olar bir-birine baglanýança garaşmaly.

5-nji ädim: baglanma bolandan soň siziň iphonyňyzyň ekranynyň ýokarsynda baglanan gurluşlaryň sanyny görkezýän ýanyp öçýän setir peýda bolar.

Bu makala size peydaly bolandyr umyt edýäris. Bu barada pikirleriňiz bar bolsa teswir goýmagyňyzy haýyş edýäris.