• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iň köp syýahat edilen şäherleriň sanawy: 10 Antalýa (Türkiýe) – 11,27 million jahankeşde:

Antalýa  Türkiýäniň günortasynda, Ortaýer deňziniň kenaryndaky şypahana we port şäheridir. Şäheriň rekreasion we umumy syýahatçylyk mümkinçiligi uludyr. Şäherde häzirki zaman howa menzili hereket edýär. Kenar ýakalary dynç almak üçin örän amatlydyr.

9Tokio  (Ýaponiýa) – 12,12 million jahankeşde:

Tokio  Ýaponiýanyň paýtagty, maliýe, senagat we syýasy merkezidir. Şäherdäki köp sanly taryhy ýadygärlikler, köşkler we dürli imperatorlyklara degişli binalar jahankeşdeleriň ünsüni çekip, bu ýere gelýänleriň sanynyň ýylsaýyn artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

8Stambul  (Türkiýe) – 12,8 million jahankeşde:

Bosfor  bogazynyň iki kenarynda ýerleşýän şäher Ýewropa bilen Aziýa yklymlaryny birleşdirip, köprüler we tunneller bilen döwrebap ulag düzümine eýedir. Syýahatçylyk babatda ösen şäher. Esasy syýahatçylyk merkezleri şäheriň Ýewropa bölegindedir. Bu ýerde myhmanhanalaryň 90 göterimi bar.  Äherde 7-ä golaý muzeý bolup, Topgapy köşgi we Aýasofiýa ybadathana muzeýi her ýyl 30 million dollar arassa girdeji getirýär.

7Kuala-L  umpur (Malaýziýa) – 13,53 million jahankeşde:

Şäher  häzirki zaman we dürli döwürlere degişli binagärlik äheňleri bilen haýran galdyrýar. Garaşsyzlyk meýdanyndaky köp sanly ozalky hökümet binalary we beýleki binalar, metjit, dokma toplumynyň milli muzeýi köpleriň ünsüni çekýär. Bu binalaryň köpüsi XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda gurlupdyr.

6Nýu-Ý ork (ABŞ) – 13,67 million  jahankeşde:

Dünýäniň  we bu ýurduň iň iri şäherleriniň biridir. Esasy syýahatçylyk mekanlary Manhetten sebitinde ýerleşýär. Bu ýerde köp sanly köp gatly binalar bilen bir hatarda BMG-niň baş binasy hem ýerleşýär. Şäher dünýäniň esasy maliýe, syýasy, ykdysady we medeni merkezi hasaplanýar.

5Singapur  – 14,47 million jahankeşde:

Şäher  medeni we taryhy mirasyň gorap saklanan maksatnamalary bilen jahankeşdeleri özüne çekýär. Esasy syýahatçylyk mekany haýwanat bagydyr. Şeýle hem birnäçe kenarýaka syýahatçylyk mekanlary bar. Adalarda taryhy muzeý we dürli deňiz jandarlary saklanýan uly akwarium hereket edýär.

4Dubaý  (BAE) – 16,66 million jahankeşde:

Dubaý  Birleşen Arap Emirlikleriniň iri şäherleriniň biri bolup, çuň suwly porty bilen meşhurdyr. Ýurduň esasy söwda  we maliýe merkezi bolan şäheriň esasy syýahatçylyk mekany Burj-Halifa köp gatly binasydyr. Bu 2008-nji ýyldan bäri dünýäniň iň beýik binalarynyň biridir.

3Pariž (Fransiýa) – 17,95 million jahankeşde:

Ýurduň esasy syýasy, ykdysady we medeni merkezi. Dünýäniň maliýe merkezleriniň iri şäheridir. Bu ýerde ÝUNESKOnyň hem-de köp sanly halkara guramalaryň baş binasy ýerleşýär. Taryhy merkezi we Eýfel diňi köp sanly jahankeşdeleri özüne çekýär.

2London (Beýik Britaniýa) – 20,42 million jahankeşde:

Köp sanly dünýä belli muzeýleri özünde jemleýän taryhy şäherleriň biridir. 7,5 million eksponaty bolan Britan muzeýi, London milli galereýasy, Şerlok Holms muzeýi, hanym Týusso muzeýi köpleriň iň bir gelim- gidimli ýerleridir. Beýik Britaniýa Patyşalygynyň Bukingem köşgi esasy syýahatçylyk mekanlarynyň biridir. Onuň käbir binalary syýahatçylar üçin her ýylda 2 aýgezelenç üçin açylýar.

1Bangkok (Tailand) – 21,98 million jahankeşde: Bangkogyň taryhy merkezi Çauphraýa derýasynyň kenarynda ýerleşýän Rattanakosin adasydyr. Taý dilinden terjime edilende “ýokary gymmatlyk” diýen manyny berýär. Ähli tarapdan kanallar we binalar bilen gurşalandyr. Adanyň merkezindäki taryhy binalar we ybadathanalar köpleriň ünsüni çekýär.