• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

10 sany dünýäde iň kuwwatly Superkompýuterler

10. Cray CS-Storm.

Ýerleşýän ýeri: ABŞ

Ödürjiligi : 3,57 petabaýt

Teoretiki maksimum ödürjiligi: 6,13 petabaýt

Kuwwaty: 1,4,MBt

Cray CS-Storm kän prosessorlardan ybarat we köpçülikleýin–parallel arhitektura prinsipi esasynda ýeke-täk hasaplaýjy toruna birikdirilen. Aslynda bu sistema köp sanly elektronikaly sütünden (“şkafdan”)  ybarat .  Cray CS-Storm – bu superkompýuter klasterleriniň bütin seriýasy, ýöne şolaryň biri beýlekileriň hemmesiniň fonuna täsir edýär. Bu syrly CS-Storm ABŞ-nyň häkimýeti näbelli maksatlar üçin we näbelli ýerde ulanýar.CS-Storm kastery kiberhowpsyzlygynda ýokaryöndürjililkli hasaplamalara, ýergiňişligindäki aňtowçylyga, görnüşi anyklamaga, seýsmiki maglumaty gaýtadan işlemeklige, rendering we maşyn okuwyny geçmäne niýetlenen.

9. Vulcan – Blue Gene/Q

Ýerleşýän ýeri: ABŞ

Ödürjiligi : 4,29 petabaýt

Teoretiki maksimum ödürjiligi: 5,03 petabaýt

Kuwwaty: 1,9,MBt

“Wulkan” amerikanyň IBM kompaniýasynda taýynlanan, Blue Gene maşgalasyna degişli we E.Lourensa adyndaky milli Liwermorskiýde ýerleşen. ABŞ-nyň energetika Ministrligne degişli superkompýuter 24 sütünden ybarat. 2013-nji ýylyň başyna klaster işläp başlady. CS-Storm-den tapawutlykda,”Wulkan” ulanma sferasy örän belli. Bu dürli ylmy barlaglarda, şeýle hem energetika oblastynda, tebigi ýüze çykmalaryň modulilemesinde we uly maglymatlary analyz etmekde ulanylýar.

8. Juqueen – Blue Gene/Q

Ýerleşýän ýeri: Germaniýa

Ödürjiligi : 5 petabaýt

Teoretiki maksimum ödürjiligi: 5,87 petabaýt

Kuwwaty: 2,3MBt

2012-nji ýylda işe göýberlenden bäri Ýewropadaky superkompýuterleriň içinde kuwwaty boýunça ikinji oruny eýeleýär we Germaniýada birinji. “Wulkan” ýaly bu superkompýuter klastery hem IBM kompaniýasynyň Blue Gene proýekitiniň çäginde taýýarlanan, şeýle hem şol Q maşgalsyna degişli.Superkompýuter Ýewropanyň iň iri gözleg merkezi bolan Ýulihe-de ýerleşen. Dürli ylmy-barlaglarda ýokaryöndürjililkli hasaplamalary geçirmek üçin ulanylýar.

7.  Stampede – PowerEdge C8220

Ýerleşýän ýeri: ABŞ

Ödürjiligi : 5,16 petabaýt

Teoretiki maksimum ödürjiligi: 8,52 petabaýt

Kuwwaty: 4,5 MBt

Tehasda ýerleşýän Stampede amerikanyň Dell kompaniýasynda taýýarlanan we Top-500 klasterleryň ilkinji onlugyna degişli ýeketäk superkompýuterdir. Ol 160 sany sütünden ybarat.Bu superkompýuter diňe göleg üçin ulanylýanlaryň arasynda kuwwaty boýunça Dünýade ilkinji bolup durýar. Stampede adamlaryň beýnisiniň takyk tomografýasyny alamkda we ýertitremäni öňünden aýamakda giňden ulanylýar.

6.  Piz Daint – Cray XC30

Ýerleşýän ýeri: Şweýsariýa

Ödürjiligi : 6,27petabaýt

Teoretiki maksimum ödürjiligi: 7,78 petabaýt

Kuwwaty: 2,3 MBt

Şweýsariýanyň milli superkompýuter merkezi (CSCS) öz superkompýuterleriniň kuwwaty boýunça Ewropada öňdebaryjy. Piz Daint ady alpiskiý dagynyň ady adkylan. Cray kompaniýasy tarapynda týýarlanan we XC30 maşgalasyna degişli. Piz Daint ýokary energiýanyň fizikasy oblasdynda kompýuter modulirlemede dürli gözleg maksatlar üçin niýetlenen.

 

5.  Mira  Blue Gene/Q

Ýerleşýän ýeri:ABŞ

Ödürjiligi 8,56 petabaýt

Teoretiki maksimum ödürjiligi: 10,06 petabaýt

Kuwwaty: 3,9 MBt

“Mira” superkompýuteri  2012-nji ýylda amerkada IBM kompaniýasynyň Blue Gene proýektiniň çäginde taýýarlanan. Klasteryň ýerleşýän ýokaryöndürjililkli hasaplama Argonskiý milli tejribehanasy hökümet gaznasy tarapyndan döredilen. 48 sütünli Mira ylmy maksatlar üçin ulanylýar. Mysal üçin, superkompýuter ýertiremäniň we klimatyň üýtgemesiniň takyk maglumatyny almak üçin klimatiki we seýsmolagiki modulirlemede ulanylýar.

 

4.  K Computer

Ýerleşýän ýeri: Ýaponiýa

Ödürjiligi 10,51 petabaýt

Teoretiki maksimum ödürjiligi: 11,28 petabaýt

Kuwwaty: 12,6 MBt

Kobe şäherindäki fiziki-himiki gözeleg Inistitudynda ýerleşen we Fujisu kompaniýasynda öndürilen   K Computer Top-500-iň ilkinji onlugyna girýän Ýaponiýanyň ýeke-täk superkompýuteridir.Öz döwründe (iýun 2011) bu kaster reýtingi boýunça birinjiligi eýelän, dünýäde bir ýyllap iň ýokaryöndürjilikli kompýuter bolan. 2011-nji ýylyň noýabrynda K Compiter taryhda ilkinji sapar kuwwatyny 10 petabaýta ýetirmegi başardy.Superkompýuter izgiderli gözleg meselelerinde ulanylýar. Mysal üçin tebigi betbagytçylygy çaklamana we medissina oblastynda kompýuter modulirlemesi üçin ulanylýar.

3. Sequoia – Blue Gene/Q

Ýerleşýän ýeri: ABŞ

Ödürjiligi : 17,17  petabaýt

Teoretiki maksimum ödürjiligi: 20,13 petabaýt

Kuwwaty: 7,8 MBt

Ilkinji onluga düşen Blue Gene/Q maşgalanyň 4 superkompýuterleriniň içinde iň kuwwatlysy. Amerikanyň milli Liwermorskiý labaratoriýasynda ýerleşen. IBM kompaniýasy Sequoia-li ýadro howupsyzlygynyň milli administrasiýasy üçin taýýarlanan, ýagny takyk maksatlary ýerine ýetirmek - ýadro partlamasynyň modulirlemesi üçin ýokary öndürjilikli kompýuter gerek bolanlgy sebäpli öndürilen. Ondan başgada has peýdaly maksatlar üçin hem ulanylýar, ýagny klastera kosmiki moduliremegiň ýokaryöndürjiliginde rekort goňýmagy başartdy, şeýle hem adam ýüreginiň elektrofiziologikiý modeli döredildi.

2. Titan – Cray XK7

Ýerleşýän ýeri: ABŞ

Ödürjiligi : 17,59 petabaýt

Teoretiki maksimum ödürjiligi: 27,11 petabaýt

Kuwwaty: 8,2 MBt

Günbataryň döreden islendik superkompýuterleriniň içinde iň ýokaryöndürjiliklisi, şeýle hem ABŞ-nyň milli Ouk-Riž tejribehanasynda ýerleşen deňiz assy  Cray kompaniýasynyň iň kuwwatly kompýuter klasterdir. Bu superkompýuter reaktoryň ýadrosynyň merkezidki neýtonlaryň hereklerini modulilemäne, şeýle hem 1-5 ýyl aralygynda bütindünýä klimatyň üýtgemegini prognoz etmäne mümkinçilik berýär.  Şeýle kuwwatly hasaplamasyna we täsir gallyryjy gabarasyna (404 kwadrat metr) garamazdan Titan birinjiligi uzak saklap bilmedi. Eýýäm ýarym ýyl geçmänkä amerikanyň buýsanjyny ýokaryödürjilikli hasaplama oblastynda Gündagar öňe geçmegi başardy.

1. Tianhe-2 / Akmaýanyň ýoly - 2

Ýerleşýän ýeri: Hytaý

Ödürjiligi : 33,86 petabaýt

Teoretiki maksimum ödürjiligi: 54,9 petabaýt

Kuwwaty: 17,6 MBt

“Tianhe-2” ýa-da “Akmaýanyň ýoly-2” göýberilenine 2ýyl geçenine garamazdan, entäk hem Top-500 –de  liderligi saklap gelýär. Bu äpet gurluş  Titan-dan iki essä golaý öndürjiligi güýçli. Goranmagyň ylmy-tehniki unwersitetinde (KNR) taýýarlanan we “Tianhe-2”  Inspur kompaniýasy 3,12 million ýadroly 16 müň düwünden ybarat. 720 kwadrat metri tutýan bu ägirt gurluşyň ýady 1,4 petabaýt,a ýatda saklaýjylygy -12,4 petabaýt . Bu superkompýuter dürli modulirleme, köp mukdarda maglumaty analiz etmekde, şeýle hem Hytaýyň döwlet howupsuzlygyny üpjün etmekde  giňden peýdalanylýar.

 

Agza: Mergen tarapyndan