• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýapon kompaniýasy ýük gämisine «gün ýelkenlerini» gurmakçy

Beýleki transport serişdelerindäki ýaly gämi gatnawlarynda hem atmosfera zyýanly gazlar bölünip çykýar. Bu ýagdaý diňe bir atmosfera däl, eýse derýa, deňiz we umman giňişliklerine hem zyýanly täsirni ýetirýär. Şonuň üçin hem ekologiki arassa transport serişdesi diňe bir gury ýerde däl, eýse suw transport ulgamynda hem wajypdyr. Eco Marine Ýapon kompaniýasy şol bir wagtda gün we ýel energiýalaryny peýdalanyp, gämileri hereketlendirmek üçin täze taslamany hödürledi.

         Ýagny Eco Marine kompaniýa adaty ýelkenleri gün batareýalaryndan ýasamakçy bolýarlar. Gün batareýalaryndan ýygnanýan elektrik energiýasyny gäminiň elektriki ulgamyna birikdirilýär we akkumulýatorlar energiýadan doldurylýar. Eco Marine kompaniýasy “gün ýelkenlerini” 2018-nji ýylyň dowamynda ýük gämilerinde (kömür, bugdaý çekiji) barlagdan geçirmekçi bolýarlar. Häzirlikçe bu taslamany suw transport kompaniýalary ekonomiki tarapdan amatsyz hasap etýärler. Şonuň üçin hem Eco Marine “gün ýelkenleriniň” bahasynyň arzanlatmak boýunça bir näçe işleri alyp barýar.