• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Dünýäniň öňdebaryjy döwletleri hüjüm etmeklikde kibertehnologiýalary ulanmazlyk barada şertleşdiler

BMG-nyň halkara maglumat howpsuzlyklary boýunça hünärmenleriniň çykyşlaryna görä, 20 sany öňde baryjy kiber-döwletleri, şol sanda ABŞ, Beýik Britaniýa, HHR, RF, Fransiýa, Braziliýa, Ýaponiýa, Izrail we Günorta Koreýa, örän wajyp obýektlere garşy kibertehnologiýalary ulanmazlyk barada şertnama gol çekmeklige razylyklaryny beripdirler diýip, «Газете.Ru» ýazylypdyr.

Bu bolsa telekomunikasiýa enjamlarynda “bekdorlary” we birugsat girmek üçin programma üpjünçiliklerini ulanmaklygy gadagan edýär, ondan başga-da, AES (atom elektrik stansiýalary) we bank ýaly obýektleri kiberhüjüm etmezlige borçlandyrýar.

Bu baradaky doklad BMG baş sekretaryna hödürlenip, bu ugurdaky işiň öňe gidýändigini bellemeklige degişlidir. Sebäbi 2011-nji ýyldan bäri bu ugurda işler dowam edip, ilkinji gezek öňdebaryjy döwletler umumylaýyn kiberhowpsuzlygy barada  ylalaşyga gelipdirler.