• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

2016-njy ýylda iň gowy oýlanyp tapylan enjam

Amerikanyň neşiri “Time” ýylyň dowamynda oýlanyp tapylan enjamlaryň sanawyny Top-25-i düzüp, oňa “PlayStation VR” tuwulgasyny girizdi. Abraýly žurnalyň işgärleriniň pikirine görä, “Sony”-nyň by enjamy 12 aýyň dowamynda öz ugry boýunça iň gowusy diýip hasaplanylýar. Şeýle hem sanawa “Apple”-iň “Airpods”-y we “akylly” diş çotgasy Quip  girizildi.

Neşiriň saýtyň bellemegine görä, enjamyň elýeterli bahasy, şeýle hem güýçli kompýutere zerurlygynyň ýoklugy bilen tapawutlanýar. Sanawa tuwulgadan başga, “Apple”-iň simsiz gulaklygy  “Airpods” girizildi. Ol giň mümkinçiligi we simleri seplenende oňaýlygy üçin iň gowy oýlanyp tapylan enjam hasaplanýar. Şeýle hem, Top-25 sanawda diş çotgasy “Quip” we bagjygy öz-özünden daňylýan “Nike” krossowkasy, “Flyte” çyrasy, ilkinji eplenýän kwadrokopter “Dji Mavic Pro” we beýleki oýlanyp tapylan zatlar girizildi.