• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Dünýäniň ilkinji halkara metrosy

Skan­di­na­wi­ýa ýurt­la­ry bolan Da­ni­ýa bi­len Şwe­si­ýa­nyň ara­syn­da met­ro gat­na­wyny ýo­la goý­lar. Da­ni­ýa­nyň paý­tag­ty bolan Ko­pen­ga­gen­den Şwe­si­ýa­nyň gü­nor­ta ke­nar­ýa­ka­syn­da­ky port şä­he­ri biri bolan Mal­mö­niň ara­syn­da gu­rul­jak su­was­ty ýol iki ýur­duň ara­syn­da­ky 20 ki­lo­metr­lik bo­gaz­dan ge­çer. Şeý­le­lik­de, goň­şy ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­wyň wag­ty iki es­se aza­lar. Ol her 1,5 mi­nut­dan bir gat­naw he­re­ket eder we bu ara­lygy 23 mi­nut­da ge­çer. 2035-nji ýyl­da ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan tas­la­ma ag­zal­ýan ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­wy ýe­ňil­leş­dir­mek maksady bi­len bir ha­tar­da, tä­ze iş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hem dö­re­der, tä­ze ma­ýa go­ýum­la­ry çe­ker. Gur­lu­şy­gy­na 4 mil­liard ýew­ro sarp edil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin iki ýur­duň işe­wür­le­rin­den we hü­när­men­le­rin­den yba­rat to­par dö­re­dil­di.