• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Samsung kompaniyasy täze akkumulýatory oýlap tapdy

Ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry­ny ön­dür­mek bo­ýun­ça dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryn­yň biri bolan “Sam­sung” gys­ga wagt­da, ýag­ny 12 mi­nut­da te­le­fo­na zar­ýad ber­me­giň usu­ly­ny iş­läp düz­di. Belli bolşy ýaly Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “Sam­sung Electro­nics” kom­pa­ni­ýa­sy gel­je­giň ma­te­ria­ly ha­sap edil­ýän gra­fen­den mo­bil te­le­fon­la­ry üçin tä­ze ak­ku­mul­ýa­to­ry dö­ret­di. Ins­ti­tu­tyň alym­la­rynyň gatnaşmagynda gra­fen­dä­ki 3 öl­çeg­li ob­ýekt­le­riň bar­la­gy­ny ge­çi­rip, gra­fen şa­rik­le­ri­ni iş­läp düz­dü­ler. Şol mümkinçilikleriň ha­sa­by­na te­le­fon­la­ra gys­ga wagt­da zar­ýad ber­mek müm­kin­çi­li­gi bolar. Gra­fen şa­rik­le­rin­den yba­rat bo­lan ak­ku­mul­ýa­tor­lar şol bir­wagt­da te­le­fo­nyň zar­ýa­dy­ny uzak wagt­lap sak­la­ma­ga hem şert dö­re­der.

Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “Ren­hap” agent­li­gi­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, grafen şariklerinden ybarat bolan ak­ku­mul­ýa­torlar  ba­ry-ýo­gy 12 mi­nut­da mo­bil enjamlaryň do­ly de­re­je­de zar­ýad al­ma­gy­na şert dö­re­der. Li­tiý-ion­dan ýa­sa­lan zarýad berýän en­jam­la­ry ar­ka­ly te­le­fo­na 1 sa­gat­da zar­ýad ber­mek bo­lar. SA­IT-iň bel­le­me­gi­ne gö­rä, tä­ze en­jam 5-60 de­re­je gyzgynlykda ula­nyp bo­lar. Gra­fen ug­le­ro­dyň dü­zü­min­dä­ki ato­myň bir ta­rap­ly gat­la­gy bolup, ol ýo­ka­ry derejedäki çe­ýe­li­gi hem-de tä­sin elekt­rik aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Gra­fe­ni dö­ret­mek ba­bat­da 2010-njy ýyl­da alym­lar Kons­tan­tin No­wo­se­low hem-de And­reý Geým fi­zi­ka bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň eýesi bolupdylar.