• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

GOŞMAÇA GIRDEJI GETIRDI

“Apple” kompaniýasynyň dünýäniň dürli ýerinde iş alyp barýan “App Store” dükanlary 2008-nji ýyldan bäri applikasiýa döredijilere 40 milliard dollar gazandyrdy. Bu görkezijiniň üçden biri diňe geçen ýylyň dowamynda amala aşyryldy. “Apple” soňky Täze ýyl baýramçylygynda müşderileriň has köp isleg bildirendiklerini “App Store”-nyň rekord goýandygyny mälim etdi. Şereket 3-nji sentýabra çenli bolan iki hepdäniň dowamynda müşderileriniň applikasiýalar üçin 1,1 milliard dollardan gowrak pul harçlanandygyny habar berdi. Ýanwaryň 1-ne kompaniýanyň müşderileri 144 million dollardan gowrak pul sarp etdi. Bu “App Store” üçin bir günlük rekord söwda boldy. Kompaniýanyň dünýä boýunça marketingden jogapkär ýolbaşçysy Filip Şiller bu barada beren beýanatynda müşderileriniň diňe geçen ýylyň dowamynda 20 milliarddollardan gowrak pul sarp edendigini, “iPhone”, “iPad”, “Mac”, “Apple Watch” we “Apple TV” üçin şeýle köp applikasiýa göçürip almaklarynyň özlerini begendirýändigini aýtdy. Müşderileri üçin dünýäniň iň täzeçil applikasiýalaryny öndürýänlere minnetdarlyk bildirýändiklerini aýtdy. “Apple” geçen ýylyň dowamynda “App Store” üçin diňe ABŞ-da 1,9 million iş ornuny döretdi. Onuň dörtden biri, ýagny 14 milliondan gowragy “iOS” üçin applikasiýa taýýarlaýanlar, programma inžnerleri we beýlekilerden ybarat.

Mundan ozal, “Apple” Ýewropada “iOS” üçin 1,2 million we Hytaýda 1,4 million iş ornunyň dörandigini mälim edipdi.

“Apple” 1984-nji ýylda “Macintosh” kompýuterini satuwa çykarmak bilen personal tehnologiýanyň başyny başlapdy. Häzirki wagtda kompaniýa “iPhone”, “iPad”, “Mac”, “Apple Watch” we “Apple TV” arkaly hyzmat edýär. Onuň enjamlary “iOS, OS X ”, “WatchOS” we “tvOS” atly dört platformada hyzmat hödürleýär. Dünýäniň dürli ýurtlarynda kompaniýanyň özüniň 100 müň işgäri bar.