Kompaniýanyň täze tanyşdyran daşky şekili owadan, ýanyňda göterip bolýan ses berijileri müşderilere ýetirilip başlanar. Olaryň iň kiçisiniň ady SRS-X11. 10 watt güýji bolan we stereo ses çykarýan bu model telefonda gepleşmäge mümkinçilik berýär hem-de onuň bilen 12 sagatlap aýdym-saz diňläp bolýar. 5 reňkli boljak enjamyň bahasynyň 70 dollardygy aydyldy.
”Sony SRS-X33” modeli bolsa, 20 watt energiýa bilen işleýär we has güýçli ses çykarýar. 12 sagatlap aýdym diňlemäge mümkinçilik berýän enjamyň bahasynyň 130 dollardygy mälim edildi. Seriýanyň iň uly modeli SRS-X55 beýleki modellerdäki ähli aýratynlyklary özünde jemlemek bilen 30 wattlyk güýji bar. 180 dollarlyk bu enjam kompaniýanyň resmi saýty hem-de “Amazon” arkaly müşderileriň sargydyny kabul edip başlady.