• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Türkmenhowaýollary” gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi

2018/2019-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: 

1. Howa gämilerine ýangyç-çalgy serişdeleri bilen hyzmat etmek.
2. Howa menzilleriniň elektrotehniki yşyklandyryş ulgamyny tehniki taýdan ulanmak.
3. Awiasiýada ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek.
4. Howa menziliniň önümçiligini dolandyrmak.
5. Howa gämileriniň içinde hyzmaty guramak.
6. Awiasiýada gatnawy guramak.
7. Awiasiýada howpsuzlygy üpjün etmek.
Mekdebe Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik, erkek jynsly, harby bileti bolanlar, saglyk ýagdaýy raýat awiasiýasynyň tehniki işine ýaramly oglanlar, “Awiasiýada howpsuzlygy üpjün etmek”, “Awiasiýada gatnawy guramak” hünärlerine ýaşy 18-den 23-e çenli gyzlar, “Howa gämileriniň içinde hyzmaty guramak” hünärine ýaşy 20-den 25-e çenli diňe gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.
Kabul edilýänleriň ýaşy we iş tejribesi 2018-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8-nji iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusga boýunça mekdebiň başlygynyň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Okuwa girýänler saýlap alan hünärine laýyklykda lukmançylyk we psihologik taýdan seçip saýlanmakdan geçýärler.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2018-nji ýylyň awgust aýynyň 14-15-i, 17-si we 18-i günlerinde “Türkmenhowaýollary” gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar.
“Türkmenhowaýollary” gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., aeroport; tel: 23-34-21.