• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Kompýuterde ýok edip bolmaýan faýllary bozmak

Не удается удалить файл. Диск может быть переполнен или защищен от записи, либо файл занят другим приложением” - bu habar köpüňize tanyşdyr diýip pikir edýän.

Geliň onda mundan dynmaklygyň alajyny gözläliň.

1. Ilki bilen men bu mesele üçin Unlocker programmasyny ulanýan. Programma windowsyň kontekst menýusyna täze funksiýa goşýar we ýokardaky ýaly çäklendirmeleri aradan aýyrýar. Unlocker mugt programma bolup, onuň dilleriniň içinde rus dili hem bar.

Şu aşakdaky salgyda özüňize ýükläp bilersiňiz.
http://ccollomb.free.fr/unlocker/unlocker1.8.8.exe

2. Programmany gurnamaly we işe goýbermeli.

3. Eger faýl ýönekeý ýok edilişi ýaly yaly bozulmasa, UnlockerAssistant muny bilip awtomatiki ýagdaýda işläp başlaýar. Penjireden gerek buýruklarymyzy sazlap, “Разблокировать все” düwmesine basmaly. Şundan soň ol faýl bozular.

KÄBIR MASLAHATLAR: Kämahal bu programmanyň hem ýok edip bilmeyan zatlary gabat gelýär, yone bular ýaly ýagdaýda bu programma kompýuteri täzeden işledenimizden soň (perezagruzka) bozsam bolarmy diýip soraýar.

Ýöne seresap boluň! Windows, Documents and Settings yaly bozulmaýan bukjalary Unlocker programmasy bilen bozjak bolup kösenip oturmaň! Ýok etseňiz windows operasion ulgamyňyzy çalyşmaly bolarsyňyz!