• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMENISTANYŇ DOKMA SENAGATY MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI MEHANIKA-TEHNOLOGIKI ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2017/2018-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy.

2. Dokma önümçiligi.

3. Dokma we ýeňil senagaty kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.

4. Süýümleri egirmegiň tehnologiýasy.

5. Buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş.

6. Marketing.

7. Ykdysadyýet we dolandyryş (dokma senagatynda).

8. Dokma materiallarynyň himiki tehnologiýasy we enjamlary.

9. Dokma senagatynyň elektrik enjamlary we elektrik hereketlendirijileri.

 10. Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary.

11. Önümçiligi we tehnologik prosesleri awtomatlaşdyrmak.

12. Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak. Orta hünär okuw  mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda Kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli.

 Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-njy iýulyndan 17-nji awgusty aralygynda Kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada  direktoryň adyna ýazylan arza;

 — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. Bulardan başga- da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary Kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we  nusgalaryny tabşyrýarlar:

 — şahsy pasportyny;

 — Türkmenistanyň  Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär talyplyga Kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlin maglumatlarwe resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa Kabul edilmek 2017-nji ýylyň awgust aýynyň 19-20-si, 22-si we 23-i günlerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw aksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga Kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika- tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, 2052 (Hydyr Derýaýew) köçesi, 4, tel.: 36-49-20, 36-04-16.