• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Meet Lily kwadrokopteri – indi dolandyrmasyz

Kwadrokopterleriň täze modelleri dünýä bazarlarynda wagtly-wagtnda peýda bolýarlar.  Meet Lily olaryň ýanynda rewolýusion önüm bolup çykyş edýär.

Meet Lilynyň esasy aýratynlyklarynyň biri awtopilot bilen dolandyrylýan ulgamydyr. Kwadrokopteri howa zyňmak ýeterlidir, şondan soň ol awtomatiki ýagdaýda yzyňyzdan uçar we siziň dagdan lyžaly düşeniňizde, snoubortda ýa-da welosipedli gideniňizdäki ýagdaýlary wideo ýazgy eder.

Esasy zat – trekking enjamyny jübiňize ýa-da eliňize dakmaklygy unutmazlyk, ol komplektde bile gelýär we Meet Lilynyň obýektiň ýerleşýän ýerini yzarlap ýazgy etmekligine kömek edýär.

Kwadrokopteriň içinde 12 megapiksellik kamera oturdylan, Full HD formatda sekuntda 60 kadr ýa-da HD ölçegde sekuntda 120 kadr bilen wideo ýazgy almaklyga mümkinçiligi bar. Ýene 1 aýdan kwadrokopteri sargap bolar we onuň bahasy 500$ bolar.