• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Samsung 30 TB göwrümli SSD-maglumat göterijini çykardy

2 ýyl mundan ozal günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy 15,36 TB göwrümli maglumat göterijini halk köpçüligine  hödürläpdi. Şu günki günde kompaniýa ondan göwrümi 2 esse uly bolan maglumat göterijini köpçülige hödürledi. Täze maglumat göterijiniň 30,72 TB göwrümi hem-de maglumaty ýükleme tizligi 1700 Mb/sek, okama tizligi bolsa 2100 Mb/sek-a deňdir. Samsung kompaniýasy her günde yzygiderli ýazgy edilip, pozulup ulanylan halatynda bu maglumat göterijä 5 ýyl kepillik geçýär. Şeýle uly göwrümli maglumat göterijileri 960 GB, 800 GB, 1,92 TB 3,84 TB, 7,68 TB we 15,36 TB yzygiderlikde kämmileşdirilip gelinýär.

         Häzirlikçe kompaniýa 30,72 TB göwrümli maglumat göterijiniň bahasyny halk köpçüligine mälim etmeýär, ýöne 15,36 TB göwrümli maglumat göterijiniň başlangyç bahasy 10 000 dollardan başlapdy. Bu maglumat göterijiniň bahasy 15,36 TB göwrümli maglumat göterijiniňkiden 4 esse ýokary bolmagyna garaşylýar. Ondan başgada ýatlap geçsek 2 ýyl mundan ozal amerikan kompaniýasy Seagate Technology 60 TB göwrümli maglumat göterijini halk köpçüligine hödürläpdi, ýöne häzirlikçe bu maglumat göteriji bazarlarda satlyga çykarar derejä çenli kämilleşdirilmedi.