• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Apple ahyr soňy iOS-yň ýadrosynyň koduny görkezdi

Apple biriniji gezek iOS-yň ýadrosynyň koduny aýan etdi. Bu Apple kompaniýanynyň taryhynda ilkinji gezek bolup geçdi. Bu karara gelmeginiň sebäbi bolsa, iOS-yň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçindir. Massaçusidäki tehnologiýa institutynyň habar bermegine görä, geçen hepdedäki iOS 10-yň birinji beta wersiýasynyň kody şifrlenmedik ekeni.

Ýadronyň kodunyň açylmagy barlagçylara gowşaklyklary anyklamaga gowy kömek eder diýip hasap edilýär. Indi, iphone we iPadlaryň kodlaryny gizlemek başartmaz diýip ekspertler belläp geçýärler. Bu wakalaryň bolmagynyň esasy sebäbi Apple we FBR-iň arasyndaky konflikt diýip bilermenler çaklaýarlar.

Ýadynyzda bolsa, Býuro Apple-den San-Bernardinoly bir terroristiň iPhoneni bloklamagy buýurýarlar. Ýöne, Apple bu tabşyrygy ret edýär. Netijede FBR gurluşy ele alyp , ýörite üçünji tarapdan satyn alnan gowşaklygy ulanýarlar. Kodlaryň elýeter bolmagy howpsuzlyk üçin örän möhüm bolup durýar diýip Londan uniwersitetiniň professory Stiwen Merdoka belläp geçýär.