• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

ABŞ-nyň Genştabynyň elektron poçtasynyň toruny kiberhüjüm üçin öçürildi

Amerikan harby gullukçylarynyň gizlin bolmadyk elektron poçtasynyň torunda gümanlanýan aktiwlilige garalýar.

Pentagonyň maglumatyna görä, ABŞ-nyň goşun generaly Martin Dempseyiň hem-de beýleki Genştabyň agzalarynyň ulanýan elektron poçtasynyň torunda gümanlanýan aktiwliligiň peýda bolandygyny bellap geçýärler. Reuters neşirýatynyň habar berişi ýaly, hazirki wagtda elektron poçtany Tordan öçürmeli bolupdyr.

ABŞ-nyň armiýasynyň podpolkownigi Valerie Henderson Goranmak ministrligi bu gizlin bolmadyk elektron poçtasyny tordan öçürmekligi öz howpsuzlygy üçin öçürendiklerini habar berýär. Şeýle hem häzirki wagtda derňew işleriniň geçirilýändigini we hünärmenleriň kiberhowpsuzlyk bilen baglanyşykly howplaryndan goranmaklyk üçin iş geçirýändiklerini belläp geçýär. Hendersonyň aýtmagyna görä, toruň hut Goranmak ministrligi tarapyndan öçürilendigini, daşky güçler tarapyndan öçürilmändigini belleýär.

Belläp geçmeli zat, geçen hepdede päliýamanlar tarapyndan Pentagonyň toruny fişing hüjümlerini ulanmak arkaly synanyşypdyrlar. 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa näbelli päliýamanlar ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň ulanýan komýuter toruna giripdiler. Döwletiň administrasiýasy olara garşylyklaýyn jogap berýärler we wagtlaýyn kompýuter toruny duruzypdyrlar.