• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

CES 2018 sergisinde LG kompaniýasy tarapyndan ýygnap bolýan telewizor görkezilişe çykaryldy

Her ýylky geçirilýän CES sergisinde iň soňky çykan tehnologiýalaryň görkezilişi bolýar. Bu ýyl hem bu sergide LG kompaniýasy özüniň täze togalanyp dolanýan (ýygnanýan) görnüşde telewizory halk köpçüligine hödürledi.

Durmuşda şeýle uly göwrümli telewizorlaryň köp ýer tutýandygyny nazara alyp kompaniýa täsin telewizory döretdi. Bu telewizor ýygnalýan görnüşde bolup, onuň ekrany 65 dýum, OLED, 1200 x 800 piksel durulygy we ýygnalan ýagdaýyndaky rulonynyň radiusy bolsa bary-ýogy 3 sm-e deňdir. Bulardan başgada ony transpartirowka etmek hem has amatlydyr.