• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Apple iPhone 6S 25-nji sentýabrdan satuwa çykarylýar

Geçen ýylyň maý aýynyň ahyrynda Deutsche Telekom mobil operatory 19-njy sentýabrdan başlap, iPhone 6S enjamynyň satuwa çykarylýandygy baradaky habary öz müşderileriniň arasynda ýaýradyp başlady. Bu habar barlanyldy we hakykylygy anyklandy, ýagny, Apple smatfonynyň täze çykaryljak wersiýasyna iPhone 6S ady goýuljakdygy aýdyňlaşdyryldy. Sargytlar 18-nji sentýabrdan kabul edilip başlanjakdygy, satuw bolsa 25-nji sentýabrdan başlanjakdygy barada habar berilýär. Ýöne iPhone 6S Plus smartpediň täzelenen wersiýasynyň çykaryljakdygy barada maglumat ýok. Bu maglumatlar Vodafone kompaniýasynyň işgäri tarapyndan toplandy.

  iPhone 6S enjamynda pes ýagtylykly ýerlerde ýokary hilli surata düşürmeklige ukyply bolan 12 megapikselli Sony kamera gurnalan. Enjamyň daşy 7000 seriýaly alýuminiden ýasalan. Bu material samolýot gurluşygynda, Apple Watçh smart-sagatlaryň daşyny ýasamakda ulanylýar. Enjamyň 4,7 dýuýmly ekrany, özüne bolan basyşyň güýjüni kesgitläp bilýän, Force Touch tehnologiýalaryny goldap biler. Şeýle hem Apple Watçh-da taktil seslenme bilen üpjün edip biljek çyzykly çöçmäni herekete getirji täze iPhone 6S enjamynda gurnalar.

Gresiýadaky anonim çeşmäniň habar bermegine görä iPhone 6S 8-nji sentýabrda anionsirlenýär, bu bolsa Vodafone kompaniýasynyň işgäriniň alan maglumatyna gapma-garşy gelýär.