• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýer göwsünden tylla tapan

«Türkmenistanda işlän ýyllarymy ömrümiň iň bagtly ülüşleri hasaplaýaryn. Ol döwrüň göçgünliden hyjuwly ýaşlyk mahaly bolany üçinem däl, meni bu mekana ýüpsüz «daňan» ahwalatlar bu ýurtda ýaşaýan adamlaryň pamyk ýaly ak göwni, myhmanparazlygy, özüň bilen deň gopýan kärdeşler bilen agzybirlikde zähmet çekmek bagtynyň miýesser edenligi boldy» diýip, ol galamyndan çykan ýatlamalarynda aýdýar. Şol döwürler ol ady uzaklara «uçan» alym-geologlar, has anygy, akademik D.W.Naliwkin, professorlar G.P.Strahow, A.W.Danow, W.N.Kunin, P.I.Kalugin, K.K.Maşrykow dagy bilen egin deňläp, ýok, aýagyna ädik geýip, Garagumuň gollaryny, Köpetdagyň eteklerini, Köýtendagyň gerişlerini söküpdir.

Aleksandr Wasilýewiç Sidorenko hakda belki, eşidenler az däldir. Ol diýseň tanymal alym, öňki Soýuzyň çäginde geologiýa ylmynyň düýbüni tutanlaryň biri, SSSR Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, Türkmenistan YA-nyň hormatly agzasy, Lenin baýragynyň, onlarça ordendir medallaryň eýesi.

 

Alymyň, ady belli geologyň manyly geçen ömrüniň iň nurana sahypalary Türkmenistan bilen bagly.

1917-nji ýylda Harkow guberniýasynyň Starobelsk uýezdinde daýhan maşgalasynda doglan dogumly oglan heniz talyp döwri zähmet ýoluna başlaýar. Gara zähmetden gaçman, halal çörek gazanmak meýli ony Gara deňziniň kenaryndaky Kerç ýarym adasyndaky demir magdan känlerine getirýär. Şeýdip ilkinji gazuw-agtaryş işleri başlanýar. Onda-da geologiýa ylmynyň mineralogiýa ugruna ulaşýar.

Parahat günlerde aga-ýana zähmet çekmegiň hözirinden aýrylmak nähili ýowuzlyk?! Alajyň näme, Günbatardan abanan apat — ikinji Jahan urşunyň külpeti ony bu bagtdan yrak düşürýär. Haýdan-haý fronta giden ýigide eli ýaragly Watany goramak uzak miýesser etmeýär.

1943-nji ýylda uruşda agyr ýaralanan esger geýimli gerçek Türkmenistana gelip düşýär. «Ylym ojagyna hem esger gerek, bu ýerde hem Watany parahat zähmet bilen gorap bolýar». Ine, döwrüň buýrugy!

SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň Geologiýa institutynda ylmy işgär bolup işe başlan ýaş hünärmeni gelen gününden bu keremli toprak özüne imrindirýär. Düýrmegi bilen ylma, onda-da şu mekan bilen bagly syrly «çuňluklara» berilýär. Köňli telwasly ýigit dar otaga gabalyp oturmagy hiç halamandyr. Ol paý-u-pyýada ileri-gaýra, aşak-ýokaryk ýol söküp ugraýar. Esasanam Günbatar Köpetdagyň geohimiýasyny hem-de minerologik baýlyklarynyň ýerleşiş ýerlerini takyk öwrenmäge düýrmegi bilen ýapyşýar. Azaby iňňe bilen guýy gazylana dönen gözlegler ýer astyndaky «tyllanyň» owazyny berýär. Ýogsam uruş ýyllarynyň ýetde-gütdeligi, ulagsyzlygy, aç-horlugy işe selteň salaýjak ýalam weli. Ýok, gaýtam gaýduwsyzlyk, tutan ýerini goparmak häsiýeti, ýaltanmazlyk, iň esasam, ylma teşnelik abraýly menzillere ýol arçaýar.

1945-nji ýylda goralan ylmy iş ýaş alymy «geologiýa ylmynyň kandidaty» diýen derejä ýetirýär. Aňy bilen elini deň işletmegi başarýan alymyň galamyndan bu tema degişli birnäçe makalalar hem çykýar.

«Garagumuň gözelligini deňeşdirere natura-reňk tapylmasa gerek. Tyllaýy çägeleriň gözýetmez giňişligi bahar paslynda gör, nähili gözel! Gyşda bolsa depe-gollaryň arasynda gezelenç etmegiň, kükregiňi dolduryp seleň sähradan dem almagyň lezzetini hiç zat bilen deňeşdirip bolmaz. Eýsem, tomsuna Garagumuň howur-jöwzadan ýaňa «ganat» kakyp duran görnüşini synlap gördüňizmi?! Şonda çägä gömlen ýumurtga bişýändir. Güýzüne bolsa Garagumuň mawy asmanynda saýraýan mollatorgaýyň owazy ýaly ýakymy özge ýerden gözläbem oturmaň. Gyşyna bolsa bu sähranyň oýtagrak ýerlerine dyzdan geçýän gar düşýär. Ine, şol gar alabaharda eräp, ak kaklary dolduranda, ojar oduna gaýnan taňkanyň çaýyndan içip görüň. Beýle lezzeti başga hiç ýerde tapmajakdygyňyza ynanaýyň!”.

Heýem, türkmen topragyny çyn perzentlik mähri bilen söýmeseň, beýle setirler ýürekde owaz edermi?!

Urşuň yz ýanyndaky alty ýylyny ol Garagumuň çägeleriniň arasynda geçirýär. Gep owadanlaman aýdaňda, tyllaýy çägeleri elek bilen elenene dönderýär. Merkezi Garagumda, Üňüz aňyrsy Garagumda, Garabil, Repetek töwereklerinde, Üstýurt eteklerindäki alaň-gollarda... toprak gurluşyny, çäge-ýer gatlaklarynyň astynda ýatan, baýlygy egsilmeýän «gyzylly humlary» irginsiz gözleýär. Şeýdibem Garagumuň geohimiýasy we mineralogiýasy bilen bagly doktorlyk işini taýynlap, 1952-nji ýylda goraýar. Şunuň bilen ugurdaş onlarça ylmy makalalary çap etdirýär. Olar Garagumuň çäge gatlaklarynyň aýratynlyklary, olaryň döreýiş taryhy, emele gelşiniň özboluşlylygy, bu sähranyň gujagyndaky takyrlaryň, depezdir alaň-depeleriň toprak gurluş aýratynlygy, bu uç-gyraksyz sährada minerallaşmak ýagdaýlarynyň emele gelşi, çägäniň granulometrik we mineral hili... hakda öň ylym dünýäsine mälim bolmadyk, gyzykly maglumatlary okyjylara ýetirýär.

Umuman, arid zonasyndaky çöllükleri, olaryň tebigy hem toprak aýratynlyklaryny, bu giňişligiň geologik häsiýetlerini, klimatyň tebigy baýlyklaryň döremegine edýän täsirini, çöllügiň ewolýusion emele gelmek durkuny... garaz, köp meseleleri «çigit çigitlän» ýaly etmekde Aleksandr Wasilýewiçiň bitiren işleri has agramlydyr.

Çulum hereketli, galjaňlygy daş görnüşinden hem bildirip duran adam aýagyna gonjy dyza ýetip duran mata ädigi, kellesine Günden goraýan uly tegelek sypal şlýapany geýip, ýola düşmäge hemişe howlugypdyr.

Indiki ylmy sapar döwrüň iň uly gurluşygy bolup taryh gatyna ýazylýan Garagum kanalynyň (häzirki Garagum derýasynyň) birinji nobatdakysynyň geçmeli ugruna tarap. Ylymlaryň doktory hökmünde oňa Bütinsoýuz zarpçy gurl uş ygyň akym ugr unyň i nžener-geologik häsiýetnamasyny taýynlamak tabşyrylan. Şeýlelikde Günorta-Gündogar Garagumuň çäge gatlagynyň kontinental aýratynlygy ilik-düwme öwrenilýär.

Munuň yz ýany bolsa aznawur alym Bathyz belentliginiň hem-de Garabil düzlüginiň geologik kartasyny düzmäge-de işjeň gatnaşýar.

Çölleri, ylaýta-da Garagumy öwrenmekde tutuş Ýer ýüzünde ykrar edilen meşhur akademigimiz Agajan Geldiýewiç Babaýew şeýle ýazýar: «26 ýaşynda bolsa-da, akyl käsesi püre-pürlenen alym A. W. Sidorenkonyň ady-abraýy dünýä dolan ylym ojagynyň — Türkmenistanyň Geologiýa institutynyň döremegindäki hyzmaty ölçärden uludyr. Juda zehinli, guýmagursak alym ir kämil çykyp, ençeme ýaş alymlaryň halypasy bolmaga hem ýetişdi».

Hawa, SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň bu geologik ylmy düzümi döräninden bir ýyl soň Aleksandr Wasilýewiç akademik bolýar.

Heniz saçyna ak düşmedik, ýöne ylym ýüki ýetik akademigi Türkmenistandan alyslara äkitselerem, ol özi üçin juda mährem bu mekandan aýagyny üzmeýär.

1962 — 1975-nji ýyllar aralygynda SSSR-iň geologiýa ministri wezipesinde abraý bilen işlän A.W.Sidorenko öz döwründe ençeme nebitli-gazly ýataklaryň açylmagy, senagat taýdan özleşdirilmegi, mineral serişdelere baý sebitlerde geologiýa-gözleg işleriniň ýaýbaňlanmagy üçin gerimli guramaçylyk işlerini alyp barýar.

Geologiýada kosmosdan, şeýle-de has ýokardan surata almak, zamanabap dolandyryş usullaryny girizmek ýaly täzelikler Aleksandr Wasilýewiçiň ady bilen baglanyşyklydyr.

1976-njy ýylda tanymal akademigi SSSR YA-nyň wise-prezidentligine saýlaýarlar, şol bir wagtda-da Ýer ylmy seksiýasynyň ýolbaşçysy edip belleýärler.

Ýeriň ewolýusion emele gelşiniň irki döwürlerini öwrenmek, tebigy durkuň ekologik gurşawynyň goraglylygy, ylmyň önümçilik bilen baglanyşygy, geologiýanyň fundamental meselelerini umumadamzat ösüşi bilen deň hörpde alyp gitmek ýaly wajyp ugurlary öwrenmekde alymyň ylym dünýäsine bagyşlap giden hyzmaty diýseň gabaralydyr.

SSSR Ylymlar akademiýasyna ýolbaşçylyk eden döwründe onuň guramaçylyk ukyby, döredijilik talanty has äşgär ýüze çykýar. Akademigiň başlangyjy, teklibi, guramaçylyk ukyby netijesinde Soýuzyň dürli künjeklerinde ylmy-barlag institutlary açylýar, mineral serişdelere baý künjeklerde geologik-gözleg edaralary döredilýär.

Türkmenistan akademigiň ýüreginde hemişelik orun alypdyr. Ylaýta-da ol goýny howurly, gujagy genji-hazynaly Garagumy aýratyn ezizläpdir. Aşgabada ýygy-ýygydan gelipdir. Her gezegem Garagumuň depe-gollarynyň arasyna gitmäge howlugypdyr.

«Tylla çägeler, bu sähranyň tebigaty meniň üçin diňe bir ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin giňişlik däl-de, eýsem mähir ojagydyr. Indi durmuşyň ençeme menzillerini gulaçlanymdan soň oýlanyp görýän weli, frontdaky söweş ýolum hem-de Garagumdaky agtaryşlar meniň geljekki durmuşymyň sallançagy bolan eken».

«Saňa tagzym, Türkmenistan» (1972) atly makalasynda awtor bu mekanyň gyzgyn ýürekli, mährem kalply adamlary hakda söhbet açyp, bu keremli topragyň gatlaklarynyň bolsa «tylla» bilen jäheklenendigini buýsanç bilen agzaýar. Geljekde respublikanyň mineral-çig mal baýlyklaryny senagt taýdan özleşdirmegiň halk hojalygyny ösüşlere, ilaty bolsa bolelinlige ýetirjekdigini takyk mysallar bilen tekrarlaýar. Günorta-Gündogar Garagumuň, Bathyz gerişleriniň, Garabil düzlüginiň, Köpetdag etekleriniň, ylaýta-da onuň Günbatar gerişleriniň ýakalarynda heniz geologiýa taýdan barlag-gözleg geçirilmedik ýerlerinde mineral serişdeleriň, ylaýta-da «gara altyn» hasaplanýan nebitiň, «mawy altyn» bolan tebigy gazyň, senagat önümçiliginde iňňän zerur bolan simabyň, diňe ýangyç däl, eýsem mineral dökün hasaplanýan goňur kömrüň... ägirt ýataklarynyň bardygy hakdaky çaklamalary öňe sürýär. Geljekde bu çäklerde geofiziki we geohimiki gözleg-agtaryş işlerini berk ylmy esasda alyp barmagyň zerurdygyny nygtaýar. Hakykatdanam, geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda Bathyz-Garagum çäginde açylan, ilki «Sowetabat» soň «Döwletabat» atlandyrylan gaz ýatagy, Garaşsyzlyk ýyllarynda senagat taýdan özleşdirilip, dünýäde iň köp gorly diýlip ykrar edilen «Garaşsyzlyk» mawy ýangyç käni gönüden-göni şol işleriň dowamydyr.

Hut A. W. Sidorenkonyň aladasy, gönüden-göni ýardam bermegi bilen 1981-nji ýylda Türkmenistanda täze Geologiýa instituty açylýar, şol ýylyň oktýabrynda hem Aleksandr Wasilýewiç Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademikligine saýlanylýar.

Giň düşünjeli alymyň, guramaçy ýolbaşçynyň, talapkär hem mährem halypanyň ylym dünýäsinde bitiren işleri abyrsyz. Şonuň üçin ol 1986-njy ýylda SSSR-iň Lenin adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Ençeme ordendir medallar bilen sylaglanýar.

Aleksandr Wasilýewiç geologlaryň täze — has giň düşünjeli, düýpli ylmy gözýetimli, tehnologik tilsimatlardan kämil baş çykarýan neslini ýetişdirmäge aýratyn üns beripdir. Şolaryň onlarçasynyň türkmenlerdigi has buýsançlydyr.

1982-nji ýylyň 23-nji martynda Watandan has alysda — Alžirde iş sapary wagtynda geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, akademik, guramaçy ýolbaşçy A. W. Sidorenko awtomobil heläkçiligi sebäpli pajygaly ýagdaýda ýogalýar.

Edilen iş, ylym äleminde bitirilen hyzmat, halka edilen ýagşylyk, Watanyň öňündäki perzentlik borjuňy aňryýany bilen berjaý etmek taryhyň gatyna hem-de, hakydalara unudylmaz bolup ýazylýar.

SSSR Ylymlar akademiýasynyň Kolsk filialyndaky Geologiýa institutyna, Moskwanyň uly köçeleriniň birine A. W. Sidorenkonyň ady dakyldy, akademigiň adyna altyn medal döredilip, ol sylag geologiýada uly hyzmatlary bitiren alymlara, geologlara gowşurylýar.

A.W. Sidorenkonyň adyny ebedileşdirmek maksady bilen SSSR YA-nyň Kolsk filialynda, Litosfera institutynda memorial ýazgy bina edildi, Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň geologiýa fakultetinde okaýan talyplar üçin alymyň adyna talyp haky döredildi.

«Akademik A.W.Sidorenko» adyndaky ylmy gämi dünýä ummanynda ýüzüp ýör.

Uly alymyň, hoşgylaw hem talapkär halypanyň döredip giden ýoluny ylym äleminde, geologiýa-gözleg işlerinde şägirtleri mynasyp dowam etdirýärler. Şol şägirtleriň onlarçasy bolsa türkmenlerdir. Geologlaryň bu nesli Garaşsyzlyk zamanynda keremli topragymyzyň mineral, tebigy baýlyklaryny mähriban Watanyň bähbidine, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagyna, döwrümiziň abadan hem bagtyýar bolmagynyň hatyrasyna ulanmakda hyzmatlaryny gaýgyrman, abraýly zähmet çekýärler.