• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

1,7 million dollarlyk şäherçe

Amerikanyň Jorjiýa  ştatynyň Tumsboro şäherçesini auksiona çykardylar. Onuň bahasy 1,7 million dollara   barabar.Bu barada “NBC New York” habar berýär. Satyn alýan tarap bu pula 36 sany desgany almak bilen birnäçe ýaşaýyş jaýyna, garbanyşhana, wiktoriýan usulynda gurlan myhmanhana, ýel degirmenine, opera  teatryna we beýleki gozgalmaýan emläklere eýe bolar. Şonuň ýaly hem şäherçede pagta saklamak üçin  ammar,zyýapathana, dellekhana, bankyň köne jaýy, 1869-njy ýylda gurlan demir ýol bekedi, emeli köl we  artezian çeşmeleri bar. Şäherçäniň häzirki eýeleri Tumsborony açyk asmanyň astyndaky muzeý hökmünde  saklap, bu ýerde dürli şüweleňleri gurap ýa-da filmleri surata düşürip boljakdygyny aýdýarlar.  Şäherçäniň bahasy Nýu-Ýorkuň abraýly etraplarynyň jaýlaryna ýa-da ABŞ-nyň beýleki iri şäherleriniň  jaýlaryna deň. 2000-nji ýylyň ilat ýazuwyna görä, Tumsboroda 472 adam ýaşapdyr. Şäherçe 1869-njy ýylda  demir ýol deposynyň gapdalynda esaslandyrylypdyr.