• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iphone üçin 10 sany iň gowy programmalar

1. Animatix - Photo Animation

Bu ajaýyp programmalaryň biri bolup, ol siziň suratlaryňyzy janlandyryp herekete getirer. Ol programmada 24 sany görnüşden birini saýlaň, multfilm ýa-da komiks stilde effektlerden goşuň, netijede GIF, wideo ýa-da Live Photo görnüşde ýatda saklaň.

2. EVO Flow Planner System

Täze menedjer dolandyryjysy özboluşly filosofiýasyny ulanýar. Şoňa görä ol adamlary 4 görnüşe bölýär: Derňew geçirji, Alhimik, Injener, orakul. Adamy ýokardakylaryň haýsy görnüşine degişli bolanlygyny görkezýär ýa-da şuňa meňzeş wezipeleri ýerine ýetirýär. EVO Flow siziň kömekçileriňize tebigy endiklerini we olaryň iş güýçlerini yzarlamak işlerinde çuňňur ýerine ýetirmeklerini kömek eder.

3. iMeasure

Kim öýüni remont etmek ýa-da mebeliniň ýerini çalyşmaklyga başlan bolsa, bu programma peýdaly bolar. Otagyňyzda anyk taslamalary döreder. Siz diňe iPhone kamerasyny açyp otaglaryň arasynda aýlanmaly we netijede öýüňiziň proýekti taýýar bolar.

4. Patterning 2

Gymmat bahaly, ýöne sazandalar bilen biçak baglanşykly programma. Onuň bilen siz öňde baryjy bitleri hem-de deprekli sazlary döredip bilersiňiz. Bu hakyky saz guraly, ýöne smartfonlarda. Örän köp oturdylan effektler, awtomat saýlanan ritmler we öňünden gurnalan heýjana getirýän sazlary apparaturasyz döredip bolýar.

5. Soundry

Kiçiräk çaýhana, dellekhana we şuňa meňzeş ýerleriň içinde nähili aýdym-saz goýjagyny bilmeýän biznes adamlary üçin Soundry programmasy bu meselede kömek eder. Köpçülige niýetlenen bu programma arkaly kanun esasynda köp aýdymlary aýtdyrmaga mümkinçilik berýär.

6. Okama

Bu gyzykly programma siziň çagalaryňyza multfilmdäki eýjejik personallaryň kömegi arkaly harpma harp okamaklygy öwreder. Programmanyň artykmaçlygy çagalara näme etmelidigini görkezip aýdýar.

7. Loly-Poly 3D

Ynha, bu programma bolsa ulularada gyzykly bolup biler. Bu 3D görnüşli reňkleme bolupwe şonda köp dürli böleklerden saýlap ajaýyp suratlary döredip bolýar. Döredilen sungaty sossial torlarda paýlaşyp bolýar.

8. Accelerator

Telefonyňyzda size gerekmejek bir topar hatlary okamaga eliňiz degmeýän bolsa, wajyp hatlary dialog boýunça okamaga öwrenşen bolsaňyz ýa-da peýdaly maglumatlary bilmän geçiren ýagdaýyňyzda, onda size Accelerator programmasy gerek bolar. Bu programma size çalt okamaklyga, şeýle hem özüňe amatly tizligi saýlamaklyga kömek eder.

9. YouTube, Facebook, Instagram

Wagtymyzyň köp bölegini geçirýän bu üç serwislerimiz, özleriniň täze üýtgeşmleri bilen bir wagtda tanyşdyrdylar. YouTube, Facebook we Instagram serwislerinde wideony göreniňdäki we lentany okanyňdaky sarp edilen wagty dolandyrmak üçin gurallary döredildi. Onuň kömegi bilen siz dynç almak üçin ýa-da sosial torlardan aýrylyp arakesme bermeklik üçin wagty düzüp bilýäňiz.

10. Google Kartasy

Bu programmanyň soňky täzelemesinde çykan üýtgeşme arkaly, siziň dost ýarlaryňyzyň telefonynyň zarýadyny görmeklige rugsat berer. Indi siz tanyşlaryňyza jaň edip bilmeseňiz, onda siz olaryň zarýadynyň öçendigine düşünersiňiz. Siziň ýakynlaryňyz öz ýerleşýän ýerini görkezer we haçan ulgamda peýda bolandygyny habar berer.