• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Gyzyl planeta “Gyzyl aždarha”: SpaceX kompanýa Marsa ilkinji uçuşa taýýarlanýar.

SpaceX aerokosmiki kompanýa 2018-nji ýylda adamsyz gämini Marsa uçurmana meýilleşdirýär. 2018-nji ýyl inženerler tarapyndan ýöne ýere saýlananok. Sebäbi şol ýyl Ýer bilen Mars biri-birine golaýlaşýar we planeta ara uçuşlaryň iň amatly pursatlary bolýar.

“Gyzyl aždarha” (Red Dragon) simwoliki ady Marsyň reňkine mynasyp dakyldy. Ilkinji uçuşy adamsyz apparat Dragon 2 amala aşyrar. Bu häzirki wagta şertnama boýunça NASA – dan Halkara kosmiki stansýa ýük gatnatýan Dragon ýük göterijiniň modifisirlenen görnüşi. Dragon 2 modul geljekde meýilleşdirilýän Marsa adamlary we ýükleri eltýän maksatly uçuşlary üçin meýdança taýýarlar.

 

Dragon 2 beýleki raketalardan topawudy hususy öndüriji ýylylyk şiti we reaktiw diwigatele esaslanan gondyryjy ulgamy ýerleşdirilen.

Adamyň Marsa uçmagyna on ýyl töweregi galdy diýip SpaceX kompaniýanyň baştutany belläp geçýär. NASA – nyň hünärmenleri Gyzyl planeta adamly uçuşy 2030-nji ýylda amala aşyrmagy meýilleşdirýarler. Şeýle hem, SpaceX kompaniýasy NASA-nyň buýramasy boýunça adamly gämini şol Dragon ýük göteriji kapsulyň bazasynda taýýarlanýar – ilkinji synag uçuşy 2017-nji ýylda göz öňünde tutulan.

Moduly kosmosa uratmak üçin häzirlikçe Falcon Heavy raketa-göterijä ynanylýar. 2018-nji ýyla çenli gäminiň taýyn boljakdygyny öňünden aýtamk kyn. Häzirki taýýarlanşy boýunça ilkinji uçuş 2020-njy ýyla (bu ýyl 2018-nji ýyldan soň ikinji sapar Marsa astronomiki golaýlaşma bolar ) geçäýmegi hem mümkin. Marsa adamly uçuşlary amala aşyrmazdan öňürti kompanýanyň inženerleri NASA-nyň hünärmenleri bilen bilelikde Gyzyl planetanyň ýerli mikrooraganyzmlaryndan goraglylygyny üpjün etmeli.

Mars adamlary göçürmek üçin gün ulgamynda ýeke-täk planeta diýilip çaklanylýar. Tehnalogiýaryň şeýle galkynmasy öz gezeginde kosmiki uçuşyň programmasyna adamlry gün ulgamyndan daşarlarda ýerleşdirmane güýçli iteri berer.