• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Wodorod bilen işleýän tramwaý

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy Hytaýda daşky gurşawa has az zyýan ýetirýän ulaglary öndürmekde, energiýanyň has arassa çeşmelerini kämilleşdirmekde uly tagalla edilýär. Ýurtda wodorod bilen işleýän dünýäniň ilkinji tramwaýyişlenip düzüldi. “ICTnews” agentliginiň habaryna görä, bu jemgyýetçilik ulagy tebigat bilen has sazlaşykly işleýär. Çykarýan sesi az, energiýany has tygşytly ulanýar we beýleki tramwaýlara görä başga-da birnäçe amatlyklary bar. Ony herekete getirmek üçin batareýadan peýdalanylýar. Ýurduň Sindao şäherinde işlenip taýýarlanan ulagyň iň ýokary tizligi sagatda 43 mil (70 kilometr). Dünýäde ýangyç hökmünde wodoroddan peýdalanýan ilkinji tramwaýa ýangyç guýmak üçin bary-ýogy üç minut ýeterlik. Jemgyýetçilik ulagynyň baky bir gezek doldurylandan soňra 380 ýolagçyny 62 mile (100 km) çenli äkidip bilýär. Häzirki wagtda ýurtda jemgyýetçilik ulagy höküminde tramwaýlar o diýen köp ulanylmaýar. “Sifang Co.” kompaniýasy has döwrebap tramwaýlary işläp taýýarlamak üçin tagalla edýär. Ýurtda öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda tramwaý tehnologiýasyny ösüdürmek üçin 200 milliard ýuan (32 milliard dollar) özleşdiriler. Onuň çäklerinde dürli şäherlerde 1200 mil ýagny, 1930 kilometrlik tramwaý ýoly gurlar. Şu ýylyň ahyrynda Guandun welaýatynyň Foşan şäherinde tramwaý ýolunyň gurluşygyna badalga berler.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda wodorody ýangyç hökmünde dünýäde diňe “Toýota” kompaniýasy ulanýar. Ýapon şereketiniň “Mirai” atly modeli diňe wodorod bilen işleýär. Häzir diňe öz ata watanynda satylýan ulag şu ýylyň ahyrynda ABŞ-da, soňky ýyllarda beýleki ýurtlara eksport ediler.