• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iň gowy sport ulagy saýlandy

Germaniýanyň “Audi” kompaniýasynyň “R8 Coupe” sport ulagy halkara baýraga (“World Car Awards”/Dünýä ulag baýraklary”) mynasyp boldy. Dünýäniň dürli ýurdundan 73 žurnalistiň ses bermeginde mälim edilen baýrak kompaniýanyň abraýyny has hem artdyrdy. Şeýle baýragyň berilmegi bilen bu model ady agzalan baýraga iň köp mynasyp bolan ulag boldy. “Audi R8”-iň öňki modeli hem Nýu Ýorkda geçirilen halkara serginiň çäklerinde üç baýrak almaga mynasyp görülipdi. Kompaniýanyň iň köp öndürýän modeli bolan “R8 Coupe”-iň ortada ýerleşdirilen 10V motory onuň kuwwatyny has hem artdyrýar. Modeliň iň aňrybaş nusgasynyň kuwwaty 610 at güýjüne barabar. “R8 Coupe” sagatda 100 kilometr tizlige bary-ýogy 3,2 sekuntda ýetýär. Onuň iň ýokary tizligi 330 kilometre barabardyr.