• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ENERGETIKA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2015/2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1. Elektrik ulgamlary we torlary.

2. Elektrik üpjünçiligi.

3. Ýylylyk elektrostansiýasynyň ýylylyk-energetiki desgalarynyň gurnalyşy we ulanylyşy.

4. Elektrik geçiriji liniýalarynyň gurluşygy we gurnalyşy.

5. Ýylylyk-tehniki desgalarynyň we ýylylyk üpjünçilik ulgamlarynyň ulanylyşy.

7. Elektrik stansiýalarynda suwuň, ýangyjyň we ýaglaýjy materiallaryň tehnologiýasy.

8. Buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş.

Orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

kezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

- şahsy pasportyny;

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 23-24-i we 25-26-sy günlerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan

aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

- saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

- harby gullugy tamamlap gelenler.

 

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat säheri. Oguz han köçesi. 13; tel:49-48-07, 48-48-04.