Belli bolşy ýaly 1817-nji ýylda ilkinji welosipedler oýlanyp tapylypdy. Şol wagt olar zynjyrsyzdy, gurluşynyň bir bölegi ýa-da tutuşlygyna diýen ýaly agaçdandy we olar sürlende diňe aýaklaryň kömegi bilen hereket etdirip bolýardy. Geçen ýylda welosiped öndürmäge başlan käbir şereketler geçmişi ýatlatmak bilen bir hatarda, welosipedleriň belli bir böleginiň ýa-da ähli ýeriniň agaçdan ýasalan görnüşlerini hödürlediler. Bu welosipedleriň agramy 9,9-dan 25 kilogram aralygynda bolup, bu welosipedlerden adatylardan tapawutlanýar. Agaçdan ýasalan bu welosipedleriň bahasynyň gymmatdygyna garamazdan, onuň müşderileri azalman, gaýta hem köpelýär.
Olaryň bahasy 3,5-dan 11 000 $ aralygynda. Bu şereketiň öndürýän welosipedleriniň göwresi agaçdan, zynjyry, çarhy we tekerleri poslamaýan polatdan ýasalan. Onuň önümçiliginde ulanylýan agaçlar örän çydamly bolup, nätekiz ýerlerden sürlende döreýän titremeleri azaldýar. Neşir edilen “The Wooden Bicycle: Around the World” (Dünýä boýunça agaçdan ýasalan welosipedler) atly kitapda agaçdan welosiped ýasaýan şereketleriň 111-si barada dürli maglumatlar ýerleşdirilipdir. Şolaryň biriniň, ýagny Angliýada ýerleşýän “Splinterbike” şereketiniň öndürýän welosipedleriniň tutuşlygyna diýen ýaly hat-da zynjyryna çenli agaçdan ýasalandygy bellenilýär.