• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Lizard Squad toparyndaky kämillik ýaşyna ýetmedik hakere şertli 2 ýyl berildi

“PlayStation Network” we “Xbox Live”-iň masştably işlemezligine günäkär - Lizard Squad hakerler toparynyň agzalarynyň birine höküm çykardylar. Finlýandiýanyň kazyýeti tarapyndan 50,700 sany kiberjenaýatçylykda aýyplanýan 17 ýaşly hakere şertli 2 ýyl kesildi we kazyýet oňa “kiberjenaýatçylyk bilen göreşmäge kömekleşmegi” onuň boýnuna goýdy.

Hukuk goraýjy edaralary 17 ýaşly Julius Kiwimakini (Ryan we Zeekill atly lakam bilen tanalýan) Braýan Krebsiň makalasy esasynda ýüze çykardylar. PlayStation Network we Xbox Live döwülenden soň, bu ady belli analitik we žurnalist Lizard Squad topardaky şahslary anyklamak üçin bilmekligiň ugruna çykdy. Krebs özüniň makalasynda Sky News telekanalyna interwýu beren hakeriň bu toparyň agzasydyr diýip belleýär. Krebs bu ýigidiň şahsyýetini anyklap, onuň öň botnet guramaçylygynda, hakingda we bank kartlaryny ogurlamakda gümanlanyp tutulandygyny belleýär. Şeýlelikde, geň galdyryjy zat Krebsiň ýazan makalasy dogry bolup çykdy, bu makaladan soň Kiwimakini täzeden tutdular.

The Daily Dot metbugaty, Kiwimaka berilen hökümiň ýeňildigini belläp geçýär, bary ýogy iki ýyl, ol hem şertleýin, üstesine-de kiberjenataçylygyň üstüni açmaklyk üçin kömek etmeli. Şeýle hem Kiwimakiniň torda ýetirmeli işleriniň hemmesi gözegçilikde saklanar.