• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýupiteriň orbitasynda hereket edýän “Juno” kosmos enjamy

Ýu­pi­te­riň or­bi­ta­syn­da he­re­ket ed­ýän “Ju­no” atly kos­mos en­ja­my­nyň il­ki­baş­da­ky bel­le­nen iş­le­me­li möh­le­ti ta­mam­la­nyp bar­ýar­dy. Ast­ro­nom­lar we beý­le­ki hü­när­men­ler onuň ýe­ne-de üç ýyl iş­läp bil­jek­di­gi­ni göz öňün­de tu­tup, on­dan peý­da­lan­ma­gy do­wam et­dir­mekçi bolýarlar. “Ju­no” Ýu­pi­ter pla­ne­ta­sy­ny öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len 2011-nji ýyl­da uçu­ry­lyp, 2016-njy ýyl­da gaz­lar bi­len ör­tü­len pla­ne­ta ba­ryp ýe­tip­di. Hä­zi­re çen­li müň­ler­çe su­rat we beý­le­ki mag­lu­mat­la­ry Ýe­re ibe­rip, bu pla­ne­ta ba­ra­da köp zat­la­ry öw­ren­mä­ge go­şant goş­dy. En­jam Ýu­pi­ter­dä­ki gy­zyl no­ka­dyň çuň­lu­gy, onuň ýü­zün­dä­ki ga­zyň üç öl­çeg­li şe­ki­li we beý­le­ki bir­nä­çe gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ry top­la­dy. Go­laý­da onuň he­re­ket­len­di­ri­ji­sin­de nä­saz­lyk ýü­ze çy­kyp­dy we or­bi­ta­dan aý­lan­ma­gy­ny 14 gün ir ta­mam­la­jak­dy­gy anyk­la­nyp­dy. Bu tö­wek­gel­çi­li­gi al­maz­lyk üçin onuň kä­bir he­re­ket­le­ri ýa­ty­ryl­dy. Şeý­le­lik­de, onuň 2021-nji ýy­la çen­li iş­le­me­gi­ne müm­kin­çi­lik alyn­dy. “Ju­no” özü­ne ber­len ýu­muş ta­mam­lan­an­dan soň­ra edil Sa­tur­na uçu­ry­lan “Cas­si­ni” en­ja­my ýa­ly pla­ne­ta­nyň ýü­zü­ne taş­la­nar. Onuň gym­mat bol­ýan­dy­gy se­bäp­li köp­lenç ýag­daý­da kos­mo­sa uçu­ry­lan en­jam­lar göz öňün­de tu­tu­lan möh­le­tin­den has köp ula­nyl­ýar.