• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASY

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçylygy; teatr-haşam nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy; heýkeltaraşlyk; dizaýn; keramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty; şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti).

2. Binagärlik (hünärler: binagärlik gurşawynyň dizaýny; binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi).

Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:

1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünär: şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti).

Akademiýa Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Döredijilik ugurlary boýunça okuwa girýän dalaşgärler kabul ediş toparyna özbaşdak ýerine ýetiren işlerini (galamda çekilen suratlar, nakgaşçylyk eserleri, heýkel we keramika işleri we ş.m.) tabşyrýarlar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusga boýunça rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilim hakyndaky wagtlaýyn şahadatnamanyň nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 ölçegdäki alty sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýändir.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2018-nji ýylyň 25-nji iýulyndan 4-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

  • Monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçylygy; teatr-haşam nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy hünärleri — galamda adamyň göwresiniň şekilini we reňkde adamyň portretini çekmek; berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • Heýkeltaraşlyk hünäri — galamda adamyň göwresiniň şekilini çekmek we gipsden ýasalan adamyň palçykdan portretini ýasamak; berlen temadan heýkeltaraşlyk taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • Dizaýn hünäri — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini we reňkde natýurmort çekmek; berlen temadan dizaýn taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • Keramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty hünärleri — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini we reňkde natýurmort çekmek; hünär aýratynlygyna laýyklykda berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri — galamda natýurmort çekmek; berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • Binagärlik gurşawynyň dizaýny; binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi hünärleri — galamda gipsden ýasalan adamyň göwresiniň şekilini we reňkde natýurmort çekmek; berlen çyzgynyň aksonometriýasyny düzmek; Türkmenistanyň taryhy;

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň we çeperçilik mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— harby gullugy tamamlap gelenler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň salgysy: Aşgabat ş., Alişir Nowaýy (2022) köçesi, 90; tel.: 92-56-41, 92-31-19, 92-25-08.