• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýaponiýada konweýerlerden iň soňky kassetaly wideomagnitafonlar satylar

Bir tarapdan ynanmaklyk kyn käbir adamlar şu wagt hem wideo maglumatlary VHS ölçegde görmek üçin öňki kassetaly wideomagnitafonlary ulanýarlar.Adamlaryň  DVD, Blu-Ray we başga-da täze çykýan görnüşleri hem kassetaly görnüşleriniň täzeleri hem ulanylýar. Awgust aýyndan öňki wideomagnitafonlaryň iň soňky görnüşleri satylar. Ýaponiýanyň wideomagnitafon öndürýän kompaniýasy iň soňky Funai Electric  atly görnüşüni öndürdi. Nikkei kompaniýasynyň habarlaryna görä kompaniýa 2016-njy ýylyň awgust aýynda özüniň önümçiligini goý bolsun eder. Wideomagnitafonlar häzirki wagtda örän az bazarlarda satylýar. Onuň käbir komponentleri we elektroniki enjamlaryny öndürmeklik örän uly kynçylyklary döredýär. Ýaponiýanyň başga elektroniki öndürýän kompaniýasy örän ir biznesini togtatdylar. Sony kompaniýasy bu wideomagnitafonlar üçin Betamax formatly lentaly kassetasyny öndürmegi bir ýyl mundan öň ýatyrdy. Funai kompaniýasy ýeňlişe ýan bermedi öz ösüşini dowam etdirdi. Kompaniýa magnitafonlaryny  Sanyo üçin öndürdi we dünýäniň ähli künjeklerinde diýen ýaly bazarlarda giňden orun aldy. Funai özüniň ilkinji wideomagnitafonyny 1983-nji ýylda satuwa göýberdi. Ortaça bolsa 15 million sany ýylda satmagy başardy.Geçen ýyl bu görkeziji 750 müň sany guty satmaklyk başartdy.