• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ady belli programma üpjünçilikleriniň brutforse-kiber hüjümlerinden goraglary ýok

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, hasaba alyş ýazgysyny (adres ýa-da parol) döwmek üçin 30 minutdan 1 aýa çenli wagt gerek bolýar.

Hatda käbir ady belli programma üpjünçilikler yzygider ýagdaýda hasaba alyş ýazgysyny barlamaklyga garşylyk görkezmeýär, bu bolsa çendenaşa doldurma diýip atlandyrylýan hüjümden goragy bolmadygyny aňladýar. Bu aýdylýan zatlar Android we iOS, SoundCloud, ESPN, CNN, Expedia we Walmart ýaly giňden ýaýran programma üpjünçiliklerine degişli.

AppBugs kompaniýasynyň hünärmenleri hasabatlaryna görä, olar tarapyndan 53 sany giňden ýaýran programma üpjünçilikleri (umumy ýagdaýda olary 600 gezek ýüklemek arkaly) öwrenilipdir we gowşaklyklary bolan programma üpjünçilikleriniň ählisiniň esaslandyryjylaryna habar berilipdir. Şunlukda hünärmenler programmanyň täze görnüşiniň çykarylmagyna 30 gün wagt berýärler, ondan soň degişli programma üpjünçiligi barada maglumat açyk görnüşde mahabatlandyrylýar.

Hasaba alyş ýazgysy bilen bagly gowşaklyklary bolan programmalaryň käbirleri aýdylan, ýöne olaryň doly sanawy ýakyn golaýda çykmagyna garaşylýar. Şonda-da  käbir programmalaryň esaslandyryjylary häzirki wagtda öz platformalary üçin goragynyň kämilleşdirilen görnüşini çykarypdyrlar (Wunderlist, Dictionary we Pocket).

AppBugs kompaniýasynyň hünärmenleri bellemeklerine görä, köp ýagdaýda ulanyjylaryň hasaba alyş ýazgysyny döwmek üçin hakerlere bary-ýogy 30 minutdan 1 aýa çenli wagt gerek bolýar.