• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Kisai Link jaňlar we gelýän habarlar barada habar berer

Tokyoflash kompaniýasy wagty bilmek üçin belli bir derejede pikirlenmegi talap edýän sagatlary öndürmek bilen şöhrat gazandy. Indi bolsa Tokyoflash Kisai Link smart-bilezikleri hödürleýär. Bluetooth-aksessuarlaryň lineýkalary beýleki fitness-trekerleriňkiden has-da tapawutlanýar. Kisai Link ýönekeý deriden, pagtadan, monjuk dänesinden, daşdan we gadymdan bäri bezeg üçin niýetlenen beýleki materiallardan ýasalan adaty bilezik görnüşlidir. Onuň aksessuarynda kiçijik elektron komponenti bar we ol bilezigiň gulpunyň ýanynda ýerleşýär we goşaryň aşagynda görünmän galýar.

Adaty bezeg bilezikden tapawutlylykda, Kisai Link peýdalanyjynyň smatfonynda duýduryjylar aktiwleşende LED-indikasiýa we wibrasiýa bermek hyzmatlaryny hödürleýär. Bilezigiň haýsy duýduraja täsir etmekligini kompanýon-goşundynyň üsti bilen saýlap bolar.

Bilezikler Bluetoosh 4,0, wibrasiýanyň 5 wariantyny, LED-indikasiýanyň 3 reňkini, simsiz iýmitlenmäni goldaýar. Olaryň her biri 5 günüň dowamynda işlemklige mümkinçilik berýän iýmitlendiriji bilen üpjün edilen.