• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

2 sekuntda 100 kilometr

Kaşaň awtoulaglary öndürmek bilen tanalýan “Bugatti”-niň 2017-nji ýylda öndürjek  “Chiron” modeli barada maglumat ýaýradyldy. “Volkswagen”firmasy mundan ozal, 450-nji we sonky “Bugatti Veryon” modeliniň satylandygyny mälim etdipdi.Ondan soňra kompaniýanyň inženerleri täze ulagy döretmegiň aladasyny edip başladylar.Indiki modeliň kuwwatynyň 1500 at güýjüne barabar boljakdygy we sagatda 100 kilometr tizligi bary-ýogy 2 sekuntda çykjakdygy habar berildi.Onuň iň ýokary tizligi sagatda 463 kilometre deň bolar.Häzire çenli döredilen iň ýokary tizlikli “Bugatti” boljak ulagy ozalkylardan has kuwwatly bolar.Häzire çenli döredilen iň ýokary tizlikli  “Bugatti” boljak ulagy ozalkylardan has kuwwatly bolar. “Bugatti”-niň soňky modeli ýylyň başynda Ženewa awtoulag sergisinde köpçülige görkezilipdi we onuň 2,3 million ýewro satylandygy mälim edilipdi.