• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Nýu-Ýork dünýäniň maliýe merkezleriniň reýtinginde birinji orny eýeledi

Nýu-Ýork dünýäniň  maliýe merkezleriniň  reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada “Global Financial  Centres  Index” habar berýär.Şeýle hem dünýäniň maliýe merkezleriniň bäşligine London, Gonkong,  Singapur  we Şanhaý bellige alyndy. Reýting düzülende biznes gurşawy, maliýe pudagynyň ösüşi,  infrastrukturasy,  adam faktory we abraýy ýaly ýagdaýlar göz öňünde tutuldy. Bilermenler Londonyň we  Nýu-Ýorkuň  eýýäm köp wagtdan bäri dünýäniň maliýe merkezleriniň arasynda birinji orun üçin  bäsleşýändigini  aýdýarlar. 2017-nji ýylda reýtingiň birinji ornuny London  eýeläpdi.