• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Lingualy atly täze oýun bilen daşary ýurt dilini öwrenmek indi has-da gyzykly

Dil öwrenmek üçin Lingualy programmasy, indi iOS hem-de Android üçin täzelendi. Indi onuň içinde täze oýun bar – ýagny “ýylanjyk”.

Duolingo we Lingualeo programmalary bilen deň hatarda Lingualy programmasynda – bu täze dilleri oýunlaryň kömegi bilen öwrenip bolýar.

Ýakyn günlerde Lingualy programmasy dil öwrenmekligiň oýun oýnamaklyga has golaý usulyna eýe boldy. Bu programmada “ýylanjyk” oýny peýda boldy, bu biziň hemmämize mälim bolan kllasiki görnüşli oýundyr. Oýnuň esasy manysy şeýle: Ekranyň ýokarsynda siziň sözlügiňizdäki söz peýda bolýar. Oýun meýdanynda başga dört sany söz bar, şolaryň biri – dogry terjimesidir. Siziň wezipäňiz – ýylanjyk bilen gerekli sözi iýmeli. Eger-de sözi bilmeseňiz, onda oýnuň tizligi ýokarlanýar.

Oýny näçe köp oýnasaňyz, ýylanjyk ulalýar we ony dolandyrmak kynlaşýar. Lingualy programmasy mugtdyr.

Bu programmany barlap görmekligi maslahat berýäris.