• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýeňiji bolan iň ýaş sürüji

Formula 1 dünýä çempionatynda möwsümiň 5-nji ýaryşy Ispaniýanyň Barselona şäherindäki “Katalunýa” trassasynda geçirildi. 66 aýlawdan ybarat bäsleşik örän dartgynly we garaşylmadyk waka bilen başlady. Sanawyň lideri Niko Rosberg (Mersedes) ilkinji hatardan bat alan topardaşy Lewis Hamilton bilen kakyşdy we olaryň ikisi-de ýaryşdan çykmaly boldy. 3-nji aýlawdan soň, howpsuzlyk ulagy trassadan çykdy. Sürüjileriň ilkinji pit-stoplary 16-njy aýlawda bolup geçdi. Ýumşak teker ulanan Daniel Rikkiardo (Red Bull) 44-nji aýlawa çenli birinjiligini saklady. Ýöne 44-nji aýlawda Wettel bilen Rikkiardo ýumşak tekerlerini çalyşmak üçin täzeden pit-stop etmeli boldular. Şol pursatda-da 1-nji ýere “Red Bull -TAG Heuer” toparynyň gollandiýaly sürüjisi Maks Werstappen, 2-nji orna-da “Ferrariden” Kimi Raikonen geçdi. Galan 2—nji aýlawda-da fin pilot näçe dyrjaşsa-da, Werstappen ornuny bermedi we ýaryşy 1-nji bolup tamamlady. 18 ýaşly sürüji pellehana 1 sagat 41 minut 40,017 sekuntda gelip, karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazandy. Şeýlelikde, F1-iň öňki sürüjilerinden Jos Werstappeniň ogly bolan Maks Formula 1-iň taryhynda 1 ýaryşda ýeňiji bolan iň ýaş sürüji diýen adyň eýesi boldy. Ondan öpki rekord Sebastian Wettele degişli bolup, ol 2008-nji ýylda 21 ýaşyndaky Italiýa “Gran Prisinde” ýeňiş gazanypdy. Ýeri gelende aýtsak, 2 hepde öň Maks Werstappen Daniýel Kwýatyň ornuna toparyň ýolbaşçylary tarapyndan “Toro Rossodan” “Red Bula” geçirilipdi. Russiýaly Kwýat bolsa, “Toro Rosso” toparyna ugradylypdy. Westappenden 0,6 sekunt yza galan Kimi Raikonnen 2-nji, “Ferrariniň” başga bir sürüjisi, germaniýaly Wettel ýeňijiden 2,2 sekuntlyk az netije bilen 3-nji ýeri eýeledi. Ýaryşda 4-nji orna “Red Bulluň” beýleki piloty Daniel Rikkiardo mynasyp boldy.

Geçirilen 5-nji ýaryşdan soň, Ispaniýa “Gran Prisini” utuksyz tamamlan “Mersedes” toparynyň sürüjisi Niko Rosberg 1-nji (100), “Ferrariden” Kimi Raikonen 2-nji (61), Lewis Hamilton 3-nji (57) verde barýarlar. 48 utukly Wettel bilen Rikkiardo -5-nji orunlary paýlaşýarlar. Möwsümiň 6-njy ýaryşy, F1-iň iň abraýly bäsleşigi Monako “Gran Prisi” 29-njy maýda Monte Karlonyň köçelerinde geçiriler.