• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Älemşnaslar täze planetanyň döreýşiniň şaýady boldular

Şwesariýanyň älemşynaslaryň topary formirlenme döwründäki ýaş gaz äpetini tapdylar. Planeta entägem öz ýyldyzynyň akrassion diskinde ýerleşýär. Bu açyş günorta Ýewropadaky obserwatoriýanyň Örän Uly Teleskopynda (Very Large Telescope) edilen. Bu bolsa alymlara ilkinji sapar täze planetanyň formirlenme prosessine gözegçilik etmäne mümkinçilik berer.

Gaz planetasy Ýerden 335 ýagtylyk ýyly aralygynda ýerleşen “HD 100546” atly ýyldyzyň daşynda aýlanýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, bu formirlenýän geljekki planeta , Ýupitere meňzeş bolar.

Planetnyň açylşy akrassion diskiň daşky grasynda ýerleşen we bu ýyldyz sistemanyň içinden gelen örän garry planeta bolmagy ähtimllyk bolup galýar. Formirlenen planetanyň orbita gelmegine we akrassion diskiň tekizligi bilen gabat ideal gelmeginiň ähtimallygy örän az.

“Hawa biz beýle bolup bilmez diýip doly inkär edip bilmeris” diýip esasy derňewçi  Saşa Kuanz belleýär. “HD 100546” ýaş we şonuň üçinem planetalary entägem güýçli gaz bulutlary, pozan we bölekler gurşap alýar diýip Kuanz aýdanynyň üstüni ýetirýär.

Bu açyş alymlara häzirki wagtda gaz äpediniň formirlenmegine gözegçilik etmäne mümkinçilik berer.