• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Kiberhowp - 21 asyrda

Şu günki gün kiberhowp bütin dünýäde aktual meseleleriň biri bolup durýar. Golaýda internetde dünýädäki kiberhowplara bagyşlanan interaktiw karta peýda boldy. Bu kartanyň kömegi bilen ulanyjy her bir howpa giňişleýin seredip we özüne gyzykly bolmadyklary öçürip bilýär.

Beýle serwisi “Kaspersikiniň laboratoriýasy” işe goýberdi, berlen kartada hakyky wagtda dünýädäki bolup geçýän kompýuter howplaryna synlap bolýar.

Eger-de, “Kaspersikiniň laboratoriýasy” hakynda gürrüň edenimizde, onda bu rus kompaniýasy bolup, ol spamlardan, kompýuter wiruslaryndan, haker hüjümlerinden we beýleki kiberhowplardan goranmaklyk üçin ulgam goraglaryny döredýär. Bu firma öz işini dünýäniň 200 döwletinde ýöredýär. Mundan başga-da bu kompaniýa, kompýuter enjamlarynyň goragy üçin programma çözgütlerini öndürmekde reýtingi boýunça 4-nji ýerde durýar.

Berlen kartada web we poçta antiwiruslarynyň işleýşine, şeýle-de tapylan gowşaklyklar hem-de tor hüjümlerine synlamak bolýar.
Kompaniýa şeýle düşündirýär:

“Ulanyjylar dünýäniň islendik künjeginde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak üçin globusy aýlap hem-de onuň masştabyny üýtgedip bilerler. Hakyky wagtda ýüze çykan howplar kartada dürli reňkler bilen bellenendir”.

Şeýle-de ulanyjy ekranda islendik howpuň adyny okap biler, mundan başga-da özüne gyzykly bolmadyk howplary öçürip biler. “Zäherlenme” derejelerini görkezýän reýting hem bardyr. Belläp geçmeli zat, onlaýn howplaryň ilkinji üçlügine Russiýa, Hindistan we ABŞ girýär. Karta iňlis we rus dillerinde hödürlenýär.

Bulardan başga-da, laboratoriýanyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, her gün 300 000 sany zyýanly obýektler ýüze çykarylýar. Siz hem öz şahsy kompýuteriňizi saýtda (http://cybermap.kaspersky.com) görkezilen ýörite salgy esasynda zyýanly programma üpjünçilikleriniň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlap bilersiňiz.

Hemme maglumatlar karta üçin Kaspersky Security Network esasynda ýygnalýar. Oňa dünýäniň hemme ulanyjylarynyň kompýuterleri birikdirilendir.