• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Küşt” patyşalaryň oýuny

“Küşt” diýilende ilkinji pursatda, şüwhesiz zehin oýuny göz öňüňe gelýär. Ýagny “Küşt” zehinli adamlaryň oýnaýan oýuny bolup, şatlanmaga sebäp diýip aýdylýar. Elbetde bu zatlar hakykat, belli bir möçberde zehin gerek we şatlandyryjy oýundygy hem hakykat, emma olar ýaly sada oýun däl!
“Küşt” 1500 ýyllyk geçen taryhy ýoly bilen çuňňur bilimiň özeni we köp wagtlap üstünde işlenip, häzirki wagtdaky görnüşe getirilen oýundyr. Ýagny “Küşt” oýunynda “Pil” atanak görnüşde hereket edýär, “Ruh” bolsa göni ugur boýunça hereket edýär, “Küşt” oýuny baý sungata eýe we özüne mahsus bolan pelsepesi bar. “Küşt” oýunynyň adamlara goşan birnäçe goşantlary hem bardyr. Olary sada görnüşde şeýleräk görkezip bolar:
- Jogapkärçilik ukybyny gazandyrýar;
- Wakalary seljermek ukybyn gazandyrýar;
- Wagty tygşytly ulanmak ukybyny gazandyrýar;
Şeýle-de ýokardakylara meňzeş birnäçe gowy gylyk-häsiýeti öwretmegi bilen “Küşt” sada oýun bolman we ol tutuş gurluş taýyndan birnäçe ýyllardan bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Ussat “Küşt” oýunçysynyň aýdan sözi: “Küşt oýunynyň zäheri bir gezeklik bedeniňe ornaşan bolsa, hiç haçan bedeniňden çykmaz”. Nähilide bolsa, häzirki wagtda kompýuteriň ösmegi, “Küşt” oýunyna bolan gyzyklanmany azaldýan hem bolsa, sada oýun görnüşine geçer diýen jedeller edilýän hem bolsa, ençeme ýyllap meşhurlygny ýitirmez.