• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Fudziýama dagynda mugt internet

Ýaponiýanyň Fudziýama dagynda internetden mugt peýdalanmaga şert döredildi. Ol bu ýere has köp syýahatçy çekmek maksady bilen amala aşyryldy. Dagyň depesindäki 8 nokatda we 3 kottejde kabelsiz (Wi- fi) enternet hyzmaty berler. Internet ulgamynyň tehniki üpjünçiligi “ NTT Docomo ” kompaniýasy bilen Ýamanasi we Sidzuoka prefekturasy bilelikde amala aşyrar. Mugt internet hyzmaty sentýabr aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

Ýamanasi prefekturasynyň habar bermegine görä , bu ýere gelýän daşary ýurtly jahankeşdeleriň sany her ýyl ep – esli artýar. Geçen ýyl 40 – 50 müň daşary ýurtly syýahatçy daga gezelenç etdi.

 

Agza: Graf tarapyndan