• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ BAÝRAMALY AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2017/2018-nji okuw ýyly  üçin aşakdaky  hünärler  boýunça  talyplyga  kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Weterinariýa.

2. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.

3. Oba hojalygynda buhgalter hasaby.

4. Azyk önümleriniň tehnologiýasy.

5. Pagtany ilkinji  işlemegiň tehnologiýasy.

6. Oba hojalygynyň ykdysadyýeti.

7. Dokma önümçiligi.

8. Ýer gurluşygy.

Orta hünär okuw mekdebine  Türkmenistanyň  umumy  orta  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  Kabul  edilýär. Okuwyň  möhleti 2 ýyl  hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary  Baýramaly  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-njy  iýulyndan  17-nji awgusty  aralygynda  Kabul  edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen nusgada  direktoryň  adyna  ýazylan  arza;

— bellenilen nusgadaky  sowalnama (anketa);

— umumy orta  bilim  barada  resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň

Tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama;

— bellenilen  nusga  boýunça  okuw üçin tölegi  öz wagtynda  amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegde  sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan 

Türkmenistanyň ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol  ýagdaýlary tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary   Kabul  edýän  iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri boýunça  harby   wekillikden güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.  Nädogry  berlen   maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin  dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär. 

Giriş synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  2017-nji  ýylyň  awgust  aýynyň  19-20-si, 22-si we 23-i günlerinde  S.A.Nyýazow  adyndaky  Türkmen  oba hojalyk  uniwersitetiniň  Baýramaly  agrosenagat  orta  hünär  okuw mekdebinde  (Baýramaly  ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary  aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär:

weterinariýa;  azyk önümleriniň  tehnologiýasy  hünärleri  —  biologiýa,  himiýa,  Türkmenistanyň taryhy;

oba hojalygynyň mehanizasiýasy;  ýer gurluşygy  hünärleri  —  matematika,  fizika,  Türkmenistanyň  taryhy; 

oba hojalygynyň ykdysadyýeti;  oba hojalygynda  buhgalter  hasaby  hünärleri  — matematika,   biologiýa,  Türkmenistanyň  taryhy;

dokma önümçiligi;  pagtany  ilkinji  işlemegiň  tehnologiýasy  hünärleri  — himiýa,  fizika,  Türkmenistanyň  taryhy.

Dersler   boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet dilinde  dilden  geçirilýär.  Giriş  synaglarynyň    tertibinde  bellenilen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.  Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar:

— soňky  2-3 ýylyň  dowamynda  ýokary  netijeler  gazanan  we etrap  häkimligi  tarapyndan  degişli  hünärlere  hödürlenen  kärendeçiler  we  mülkdarlar;

— çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler.

S.A.Nyýazow  adyndaky  Türkmen  oba hojalyk  uniwersitetiniň  Baýramaly agrosenagat  orta  hünär  okuw mekdebiniň  salgysy: Baýramaly şäheri,  Talyplar  köçesi,  1; tel.:6-38-41, 6-38-19, 6-07-84.