• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Nokia telefonlarynyň proşiwka edilişi

Geliň men Size Nokia öýjükli telefonlaryny özüňize proşiwka etmäni öwredeýin

Ilki bilen bize gerek bolup zatlaryň sanawyny belläliň:
- Kompyuter;
- Proşiwka edilmeli telefonyň usb kabeli (kompýutere çatmaklyk üçin);
- Phoenix programma üpjünçiligi;
- Nokia Connectivity Cable Driver hem-de Nokia Flashing Cable Driver;

Başlalyň onda:

Phoenix serwice software programma üpjünçiligini kompýutere gurnamaly.
Telefonyňyzdan *#0000# kody ýazyp rm kodyny bir kagyza belläň hem-de proşiwka etjek telefonyňyzyň iň soňky proşiwkasyny anyklaň. Eger-de siz ňnki edilen proşiwkadan pes proşiwka goýsaňyz telefonyňyz işlemez.Täze görnüşini (wersiýasyny) alyp täzeden proşiwka etseňiz düzeler.

Telefonyňyzy USB kabeli bilen kompýutere birikdiriň. Phoenix programmasyny açmaly. Menýudan “File” bölümini saýlap, “Open product” açmaly. Täze açylan penjireden rm saýlap alyň. rm saýlanylandan soň, penjire ýapylar. Ýokarda “Flashing” düwmesini saýlaň we ol yerden “Firmware update” basmaly. Täze açylan penjireden “Product code” düwmäni basyň. Ol ýer-de birnäçe görnüşleri bardyr, haýsysy gerek bolsa saýlap almaly. Programmanyň penjiresiniň aşagynda “Refurbish”düwmesi basyp, birnäçe soraglara jogap beriň. Soraglar diýilýän üýtgeşik zat däl.

Indiki etmeli işimiz USB kabeli telefondan aýyryň, telefonyň batareýasyny aýyryp täzeden dakyň, USB kabeli ýene-de birikdiriň we “Power” düwmesine basyň.

Proşiwka tamamlandy.

Meniň pikirimçe proşiwka meselesi Size kyn düşmez diýip umyt edýärin.

Okanyňyz üçin köp sag boluň!!!