• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Gepleýän kitaplar

 

Kitaplaryň ses ýazgysyna geçirilen görnüşine audiokitaplar diýilýär. Ilki-ilkiler audiokitaplara «gepleýän kitap» hem diýlipdir. Audiokitaplar öwrenmegiň, maglumat edinmegiň täzeçe usuly bolup, ol dünýäde barha rowaçlanýar. Audiokitaplar arkaly dürli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenler bu işi kämilleşdirmek üçin boş wagtlarynda ýa-da iş wagtlarynda diňlemek arkaly olardan peýdalanyp bilýärler. Belläp geçmeli zatlaryň ýene biri — okamaga wagty çäkli bolan adamlar, görüş ukyby pes bolan adamlar we heniz mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar hem audiokitaplardan giň möçberde peýdalanyp bilerler. Audiokitaplaryň çagalar bagyndaky körpeleri we ýetginjekleri terbiýelemekdäki ähmiýeti hem uludyr. Şonuň üçin ilki-ilkiler çagalara labyzly okamagy öwretmekde we olaryň okamaga bolan höwesini artdyrmakda, ukybyny kämilleşdirmekde audiokitaplary ulanmak bolar.

Bu kitaplaryň gowy tarapy olary syýahat edenimizde, dynç alýan, öý işlerini edip ýören, sport, meýdan işleri bilen meşgullanýan wagtymyzda, ulag dolandyrýarkak, radio diňlemegiň deregine ulanyp bolýanlygydyr. Has amatly tarapy daşary ýurt dillerini öwreneniňizde-de, onuň gerekligindedir. Şu günümiziň kämilleşen tehnologiýasy netijesinde audiokitaplary diňlemek üçin niýetlenen islendik görnüşdäki ykjam enjamlaryň elýeterli bolmagy hem audiokitaplara bolan islegimizi artdyrýar. Ertekidir rowaýatlaryň audiokitaplaryny çagalara diňletmek arkaly olary uklatmak üçin hem ulanyp bolar. Şunuň ýaly kitaplary maşgala agzalary bolup agşamlaryna ýa-da dynç alyş günleri bir ýere jemlenip diňläp boljakdygyny we munuň maşgala agzalaryna öz dünýägaraýyşlaryny, aň-düşünjelerini artdyrmaga, kämilleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini belläp geçmek gerek.

Audiokitaplar ertekidir rowaýatlar, hekaýalar, goşgular, powestler, dessanlar, oçerkler, romanlar ýaly çeper eserlerden başga-da dürli temalar hakda bolup biler. Mysal üçin, sport bilen meşgullanýanlar üçin sporta, haýsydyr bir käriň, işiň ussady bolmak, hünärini kämilleşdirmek isleýänler üçin şol ugra degişli belli bir maksat bilen ýazylan audiokitaplar bolup biler. Mundan başga-da belli bir enjamy, guraly ulanmagy yzygiderli öwredýän, ulanyşa degişli maslahatlar we görkezmeler berýän audiokitaplar hem bar. XXI asyrda — ylmyň pajarlap ösýän döwründe dünýäniň ähli döwletlerinde diýen ýaly adamlaryň boş wagty diýseň azaldy. Adamlaryň durmuşyna telefonlaryň, kompýuterleriň, planşetleriň... aralaşmagy bilen, olar öz boş wagtlarynda internetden peýdalanmak, telefonda gürleşmek, oýun oýnamak, aýdym-saz diňlemek, wideo şekilleri görmek ýaly işler bilen meşgullanmaga başladylar. Esasan hem bu agzalyp geçilenler ýaşlaryň arasynda giňden ýaýrandyr. Boş wagtlarymyzda audiokitaby diňlesek, dürli ýaşdaky adamlar, aýratyn-da ýaşlar üçin örän bähbitli boljakdygy hemmämize mälimdir.