• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

N.Ý.žukowski adyndaky institut täze transport uçarynyň taslamasyny işläp taýýarlady

Professor N.Ý.Žukowski adyndaky merkezi aerogidrodinamiçeski institutynyň hünärmenleri tarapyndan täze transport uçary işlenip taýýarlanylýar. Şeýle usul uçaryň diňe bir içki giňişligini peýdalanmaga mümkinçilik döretmän, eýse onuň maksimal aýrodinamiki effektiwligini we rasionallygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Inženerleriň aýtmagyna görä, bu kontinentara ýük uçarynyň uly ýük göwrümini äkitmäge ukyply bolup, onuň içi birnäçe böleklerden ybarat bolup durýar. Ol jemi 500 tonna çenli ýüki alyp howa uçmaga ukyplydygyny aýtýarlar.

Belentlige galanda uçarda aerodinamiki maglumatlar (basyş, beýiklik, karta, ýangyjyň haçlanyşy we.şm...) bilen üpjün ediji ekran ýerleşdirilendir. Munuň deslapky modelini inženerler sesli aerodinamiki ulgamda barlagdan geçirdiler. Alymlar bu uçada ýangyç hökmünde suwuklandyrylan gazy peýdalanmak göz öňünde tutýarlar. Bu bolsa ýangyjyň energiýa effektiwligini doly peýdalanmaga hem-de kerosina garanyňda daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmaga mümkinçilik döretýär.